COP31 Türkiýede geçiriler

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 31-nji maslahaty (COP31) geljek ýyl Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriler.Bu barada Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneze mälim etdi.

Ol Awstraliýanyň paýtagty Kanberranyň COP31-i geçirmek boýunça teklibini yzyna alýandygyny habar berdi. Şeýle-de Entoni Albaneze Howanyň üýtgemegi boýunça ministr Kris Boueniň Türkiýede geçiriljek COP31 gepleşiklerinde Awstraliýanyň adyndan wekilçilik etjekdigini habar berdi.

-Ylalaşyk esasynda Kris Bouen COP31-e başlyklyk eder, maslahaty geçirmek hukugy bolsa, Türkiýä geçirildi. COP31-e taýýarlyk görmek boýunça esasy gepleşikler Awstraliýada geçiriler. Maslahatyň esasy temasy howa boýuna maksatnamalary maliýeleşdirmek we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ekologiýa raýdaşlygy bolar diýip E. Albaneze aýtdy.

Awstraliýanyň Premýer-ministri COP31-i geçirmek baradaky ylalaşygy “Awstraliýa we Türkiýe üçin uly üstünlik” diýip baha berdi. Şunuň ýaly howa çäreleri bilelikde we ylalaşyk esasynda geçirilmelidir – diýip ol belledi.

Ýene degişli makalalar

16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik tory gadagdan edildi
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
“Halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň sebitiň durnuklylygyna howp salýan hereketlerine çäre görmeli"
Albaniýa, Portugaliýa we Filippinler respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Syýahatçylyk öňki derejesine gaýdyp geldi