COVID-19-iň täze akymy bilim ulgamynda bulam-bujarlyga getirdi, täze okuw ýylyny gaýra süýşürmek mümkinçiligi maslahat edilýär

COVID-19-iň täze akymy bilim ulgamynda bulam-bujarlyga getirdi, täze okuw ýylyny gaýra süýşürmek mümkinçiligi maslahat edilýär

23-nji awgustda (käbir maglumatlara görä, 24-nji awgustda) otly bilen Türkmenabatdan Aşgabada gelen studentlerde COVID-19 synagy geçirilende,olaryň birnäçesinde koronawirus ýokanjy ýüze çykaryldy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Olara Aşgabadyň demirýol menzilinde synag edildi.

Ýolda beýlekilere hem koronawirusyň ýokaşmagynyn ähtimaldygy üçin galan studentler hem karantina ýollandy.

Şeýlede Daşoguza otly gatnawy hem ýatyryldy. Ol 23-nji awgustda Daşoguzdan paýtagta student getirmelidi. Otlyny ýarpy ýoldan yzyna, Aşgabada doladylar.

27-nji awgustda ýörite otly bilen ykdysadyýet we dolandyryş döwlet institutynyň studentleri Daşoguza dolandylar. Olar geçen hepde Aşgabada gidipdiler.

Şeýlede çöl arkaly paýtagta ýolagçy daşaýan taksiler hem Daşoguza dolandylar.

Häzir ähli geçiş ýollary baglandy we adamlary yzyna dolaýarlar.

28-nji awgustda Daşoguzda Gurbansoltan eje adyndaky saglyk mekdebiniň we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlar toparlarynyň maslahaty geçer.

Çaklamalara görä, onda 1-nji sentiýabrdan sapaklaryň başlanmagyny ýatyrmak barada gürrüň ediler.

Häzirki wagtda sebitlerden onlarça student Aşgabada getirildi we olaryň bir bölegi öýlerinde galýarlar.

Bilim ministrliginiň we demirýol ulagynyň jogapkär wekilleri mundan beýläk näme etmelidigini bilmeýärler.

Deslapky çaklamalara görä,täze okuw ýyly nämälim möhlete uzaldylar.

Lebap welaýatynda giriş synaglaryny alan paýtagtdaky ÝOJ-niň mugallymlary galýarlar. Olara yzyna dolanman, welaýatda galmaklary we ýerli ilat bilen mümkingadar gatnaşykda bolmazlygy maslahat berildi.

Belkide, orta mekdeplerde hem sapaklar ýatyrylar.

Emma,birinji synpa barýan çagalara “ilkinji jaňy” kakmak we bir günlik okuwdan soňra, dynç alyş yglan etmek göz öňünde tutulýar.

25-nji awgustdan Aşgabatdaky söwda merkezleri,restoranlar, kafeler we eglenje merkezleri ýapyldy.

Diňe azyk önümlerini satýan şol sanda, kommersiýa dükanlary açyk. Mundan öň bu çäreleriň 1-nji sentiýardan girizlmegine garaşylýardy.

Şol gün prezident Berdimuhamedow resmi suratda 1-nji sentiýabra çenli dynç alyşda bolan Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen maslahat geçirdi we keselleriň ýaýramagy boýunça Adatdan daşary ýagdaýlar barada toparyň işlerini maslahatlaşdy.

Ol ýurtda ýokanç howpsuzlygyna jogapkär ministrleri işden boşatdy we Covid-19 garşy göreş boýunça guramalarda, kärhanalarda çäreleri görmegi, “ýurdyň ähli künjeginde yzygiderli” zyýansyzlandyrma geçirmegi we köpçülikleýin dabaralary çäklendirmek barada teklip taýýarlamagy tabşyrdy.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy “dem alyş ýollary keselleriniň profilaktikasy” sebäpli, raýatlaryň kabul edişligini 25-nji awgustdan wagtlaýynça togtadypdy.

Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy “emele gelen ýagdaýlar bilen ilteşikli” meýilleşdirilen çäresini anyk bolmadyk möhlete yza süýşürdi.Bu barada guramanyň wekilhanasy 26-njy awgustda “Instegram” sahypasynda habar beripdi.The post COVID-19-iň täze akymy bilim ulgamynda bulam-bujarlyga getirdi, täze okuw ýylyny gaýra süýşürmek mümkinçiligi maslahat edilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Agzybir halkymyz bag ekmek çäresine işjeň gatnaşdy
Düwleniň derisinden kitap
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
H.Hally: Beki Seýtäkow hakykatdan birleşdiriji adam boldy
Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy
HJ: Beki Seýtäkow ýagşylykda ýatlanýar
Reňkleri dillendiren ussat