COVID-19: Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalar görnetin köpelýär

COVID-19: Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalar görnetin köpelýär

Lebapda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýän wagtynda, Türkmenabat şäheriniň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalaryň sany artýar. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lukmanlar karantina ýapylan köpugurly hassahana Farap etrabyndan köp näsagyň getirilýändigini aýdýarlar. Farap etraby heniz hem karantine ýapyklygyna galýar.

"Koronawirusa ýolugýan näsaglaryň we ondan ýogalýanlaryň sany has-da köpelýär. Wirusyň bu görnüşi tiz ýaýraýar we oňa ýoluganlara öňki berýän bejergilerimiz hem kömek etmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly lukman 16-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, wirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň arasynda 25 ýaşlaryndaky raýatlar we göwreli aýallar hem köp.

"Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda wirus ýokuşan göwreli zenanlar üçin ýörite bir bölüm açyldy. 12-nji awgustda şol bölümden bir göwreli aýal çaga doguryş bölümine alnyp gidildi. Ol aýalyň kesarewa usuly bilen çagasy boldy. Şondan soň enäni gaýtadan bu bölüme getirdiler. Ol birnäçe sagat geçensoň aradan çykdy. Onuň çagasy diri galdy" diýip, türkmenabatly lukman şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bellesek, mundan 10 gün çemesi ozal Lebabyň Köpugurly we Ýokanç keseller hassahanalarynyň näsaglardan dolmagy sebäpli, olar diňe gartaşan raýatlary we göwreli aýallary kabul edip başlapdy. Mundan bir hepde çemesi ozal bolsa, köpugurly hassahana COVID-19 alamatly hassalaryň akymyna döz gelip bilmän karantine ýapylypdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan birnäçe lukmanyň tassyklamagyna görä, Lebap welaýat hassahanasynyň bir lukmanynyň gyzy hem wirusdan aradan çykdy.

"Lukmanyň heniz 30 ýaşyna ýetmedik gyzyny halas etmek üçin köp tagalla edildi, emma bu başa barmady" diýip, türkmenabatly lukman belledi.

Bu aralykda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lukmanlar karantina ýapylan köpugurly hassahana Farap etrabyndan köp näsagyň getirilýändigini aýdýarlar. Farap etraby heniz hem karantine ýapyklygyna galýar.

"Faraplylar näsaglarynyň iň uly bölegini emele getirýärler" diýip, lukman belledi.

Habarçylarymyz Farapda keseliň ojagynyň tapylandygyny we etrabyň karantina ýapylandygyny ilkinji gezek 12-nji iýulda habar beripdiler. Şonda Farap etrabyny beýleki sebitler, şol sanda Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollar we köprüler ýapyldy. Farabyň ilatyna sebitden çykmak we sebite girmek gadagan edildi.

Bu aralykda, wirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýän wagtynda, Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalaryň sany hem artýar.

Şäheriň tas ähli sebitine aýlanyp gören habarçymyz her bir etrapçada her gün üç-dört sany sadakanyň berilýändigini aýdýar.

Şäherde jynazalaryň we sadakalaryň köpelmegi bilen, merhumyň hossarlarynyň sözlerine görä, özlerini tanyşdyrmaýan resmiler olara merhumyň infarktdan ýogalandygyny aýtmagy tabşyrýarlar.

"Häkimiýet başyndakylaryň tabşyrygyny ýerine ýetirmeseň, günüňi kynlaşdyrýarlar. Şol sebäpli kimdir biri wirusdan ýogalan garyndaşymyzyň näme sebäpden aradan çykandygyny sorasa, oňa onuň infarktdan ýogalandygyny aýdýarys. Sebäbi sadaka gelýänleriň kime näme habar ýetirjegi belli däl" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran türkmenabatly bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, hassahanalardan, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýändigi baradaky habarlaryň arasynda, keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini güýçlendirýärler. Ýöne Türkmenistan koronawirusyň geçen ýylyň martynda global pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri ýurduň çäginde bu wirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi ýüze çykarylmandygyny öňe sürüp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
COVID-19: Delta ştammy ýaýraýar, ölýänler köpelýär. Maryda ýene bir oba karantine ýapyldy
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär