Covid-19 ýokanjy sebäpli, tomusky dynç alyşda Türkmenistana dolanyp bilmeýän studentler synag möwsümi gutarandan soňra işlemegini dowam etdirmäge mejbur bolýarlar

Covid-19 ýokanjy sebäpli, tomusky dynç alyşda Türkmenistana dolanyp bilmeýän studentler synag möwsümi gutarandan soňra işlemegini dowam etdirmäge mejbur bolýarlar

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda okaýan müňlerçe Türkmenistanly studentler ene-atalaryndan pul kömeklerini alyp bilmeýändikleri we maddy kynçylyklar çekýändiklerii üçin tomusky synag döwründe hem dürli ýerlerde işlemäge mejbur bolýarlar.

Erkekler gurluşyklarda, bar-kafelerde,ekerançylyk ýerlerde işleseler, gelin-gyzlar öýlerde, bar-kafelerde hyzmatçy, gap-çanak ýuwujy, gök önüm arassalaýjy we beýleki işlerde işleýärler.Olar tomusky synaglary wagtynda hem işlediler.

Emma, nobatdaky tomusky synaglaryň tamamlanmagy bilen studentler işlemegini dowam etdirýändiklerini “TH-nyň” habarçylaryna gürrüň berýärler.

“Biz işlemesek, başga çärämiz ýok” dýip Russiýada okaýan we özüni Garýagdy diýip tanadan student söze başlaýar.

“Koronawirus ýokanjy sebäpli, bir ýyldan gowrak wagtlap Türkmenistana kadaly uçar gatnawlary kesildi.Onuň haçan täzeden ýola goýuljakdygy hem belli däl.Russiýa arzan ýurt däl. Şol sebäpli biz studentler işlemesek aç galarys. Üstesinede, biziň ene-atalarymyz ne bank kartlarymyza pul ýatyryp bilýärler, ne-de başga ulgamlar arkaly pul ýollap bilýärler” diýip ol sözüni dowam edýär.

“Men gurluşykda näme iş berseler, şony edýärin.Bu günler tam suwagynda işleýärin.Elbetde,iş agyr we howpsuzlyk şertlerem ýok diýen ýaly.Mysal üçin,düýn tam suwag üçin dördünji gata çenli gurlan merdiwandan tas ýere düşüpdim.Çünki,o demir merdiwan känbir gowy düzülmänsoň, iki ýana hallan atyp dur.

Galybersede,beýik gatlarda suwag etseň-de howpsuzlyk kemeri bermeýärler.Bir eliň bilen demir merdiwandan ýa-da diwardan tutmaly, ikinji eliň bilenem suwag etmeli.Sahel ýalňyş hereket etseň, ýere düşjegiň ikuçsyz” diýip student Garýagdy gürrüň berýär.

Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly gelin-gyzlar hem tomusky okuw möwsiminden soňra dürli ýerlerde işleýändiklerini habar berýärler. Ýöne, olaryň käbiri ýaşaýan jaýlarynda dürli tagamlary bişirip, satýandyklaryny aýdýarlar.

“Men kireýine ýaşaýan jaýymda süýji-köke, somsa, börek we manti bişirip internet arkaly satýaryn” diýip Belarusda mugallymçylyk okaýan Maýsa aýdýar.

“Meniň öýde bu işi etmegimiň sebäbi hem amatly hem-de howpsuz.Koronawirus ýokanjy ýaly howpuň bar wagtynda öýde öz işiňi etmek iň gowusy.

Galybersede, restoranlarda, barlarda işleýän joralarymyň diňe agyr şertlerde 10-12 sagat işlemän, hojaýynlarynyň kemsitmelerine kaýyl bolup işleýändigini görenimde, öýde iş etmegimiň iň gowusy boljakdygyna ynandym.Elbetde, gazanjym o diýen köp däl.

Mysal üçin, käte günde 4-5 dollar, käwagt bolsa, 10-12 dollar gazanç edýärin.Bu maňa ýetýär” diýip Maýsa belleýär.

Ol tomus dynç alyşda Türkmenistana gitmek islemeýändigini habar berýär.

“Çünki, entek Türkmenistana adaty uçar gatnawlary ýok we uçar biledi üçin köp çykdaýjy etmeli. Onsoňam gidip näme edeýin. Kärende-de işläp gazanjak pulum hiç zada ýetmez.

Şonuň üçinde, bu ýerde galyp, azam bolsa, gazanç edýärin, ikinjidenem, indiki okuw ýylym üçin pul ýygnamaga çalyşýaryn” diýip Maýsa aýdýar.

Ýöne, daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň maddy we sosial ýagdaýlary barada türkmen resmileri we resmi habar serişdeler dymýarlar.

Daşary ýurt mediasynyň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda çet ýurtlarda okaýan we dürli ýerlerde zähmet çekýän türkmenistanly studentleriň arasynda ölüm hadysasy köpeldi. Olaryň aglabasy iş wagtynda ýüze çykan pajygaly wakalarda aradan çykdylar.

Mysal üçin, şu ýylyň ýanwarynda Galmygystanyň Elista şäherinde gurluşykda işleýän student Akmuhammet Ylýasow üstüne diwar ýykylmagy netijesinde, aradan çykypdy.

Aprel aýynda bolsa, Russiýada okaýan Orazmyrat Nurýagdyýew gurluşyk desgasynyň 5-nji gatyndan düşüp, ýogalypdy.

Emma,türkmen häkimiýetleri we resmi KHS daşary ýurtlardaky studentleriň pul kynçylyklary, işlemäge mejbur bolýandyklary we daşary ýurtlardaky ilçihanalaryň, konsulhanalaryň hiç bir kömegketmeýändigi bilen ilteşikli maglumat bermeýärler.

Olar diňe daşary ýurtlarda okaýan studentleriň Türkmenistanyň ilçihanalarynyň gurnaýan medeni çärelerine işjeň gatnaşýandygyny, milli aydym-sazlar, tanslar bilen çykyş edýändigini nygtaýarlar.

“Elbetde, meniň ene-atamy, doganlarymy juda göresim gelýär. Emma, tomusky dynç alyşda işläp, gazanç etmäge mejbur bolýaryn. Çünki, indiki okuw ýylynda hem maddy kynçylyklarymyň bolmajakdygyna kepilnama ýok. Ýakynlarym bilen sosial media, telefon arkaly didarlaşýarys. Häzirlikçe bu maňa ýetýär” diýip student Maýsa “TH-nyň” habarçysyna aýdýar.

Çet ýurtlaryň habar serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, Russiýada, Ukraýinada, Belarusda , Ýewropada, Aziýa ýurtlarynda , Türkiýede, Özbegistanda we Täjigistanda on müňlerçe türkmenistanly student bilim alýar. Olaryň aglabasy öz hasabyna okaýarlar.

Resmi media bolsa, her ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini bir milliondan gowrak oglan-gyzyň tamamlaýandygyny ýazýar.

The post Covid-19 ýokanjy sebäpli, tomusky dynç alyşda Türkmenistana dolanyp bilmeýän studentler synag möwsümi gutarandan soňra işlemegini dowam etdirmäge mejbur bolýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow ýitirim boldy garaşsyz neşirler
“Indian Wells Masters”-iň täze ussatlary
Meredow ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
ABŞ türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýyny kanagatlanarly hasaplaýar