Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti

Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti

Ýaňy ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Estrada sungaty fakultetiniň gurnamagynda orkestr we ýerine ýetirijileriň arasynda Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly konserti geçirildi. Şeýle gyzykly at bilen geçirilen konsertde türkmen, özbek, azerbeýjan, türk, arap, pars, täjik we hindi estrada aýdym sazlary ýaňlandy.

Sahnada Estrada sungaty bölüminiň talyplary Maýsa Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylygyndaky estrada orkestriniň aýdym-sazy bilen bilelikde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Konsert maksatnamasy Amantagan Baýjanowyň ýerine ýetiren Bilmen atly Akmuhammet Saparowyň repertuaryndaky aýdym bilen açyldy. Fakultetiň IV ýyl talybynyň bu çykyşyna Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň horeografiýa bölüminiň tansçylar topary ýoldaş boldy.

Soňra bolsa belli sowet we özbek estrada aýdym-saz topary Ýalla-dan Halmyrat Begenjow we Atamurat Baratow Sazly çaýhana aýdymyny ýerine ýetirip ajaýyp görnüşde çykyş etdiler.Sahnada ilkinji bolup özbek halk guraly bolan karnaýly sazandalar boldy.

Karnaýanyň özüne çekiji görnüşi we sesi, talyplaryň ýerine ýetiriş ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şol bir wagtyň özünde-de konsertiň ady bilen özboluşly hyjuw peýda boldy.

Konsert süýji geçmişi ýatladýan hindi filminiň owazy bilen dowam etdi. Ýagny, Söýgüliler filminden Täzegül Baýramowa we Amantagan Baýjanow bilelikde Raj bilen Megan keşpleriniň bilelikde aýtýan, ýagny Udit Naraýan we Lata Mangeşkaryň repertuaryna degişli Humko hamise chura lo aýdymy ýaňlandy.

Bu bolsa hindi halklarynyň meşhur aýdymynyň çykyşy çözüwini tassyklaýan ýaly görkezdi.Soňra bolsa azerbeýjan aýdymlary bilen konsert dowam etdi, Ýagny, IV ýyl talyp Selim Geldimuradowyň ýerine ýetirmeginde azerbeýjan halk aýdymy Sary gelin we Tofik Kulyýewiň Bakı atly aýdymlary ýaňlandy.

Soňra bolsa, Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi Leýli Mämmedowanyň ýerine ýetirmeginde Anuşirwan Rohaniniň pars aýdymy bolan Gol e sangam we täjik aýdymy Jan dodakaram ýaňlandy.

Soňra I ýyl talyp Isgender Nurmuhammedowyň ýerine ýetirmeginde Disko tansçysy hindi filminden Alokeş Lahiri, ýagny, başgaça ady bilen Bappi-niň ýerine ýetiriliş aýratynlygyna mahsus bolan Goron ki na kalon ki atly aýdym ýaňlandy.

Mundan soňra, III ýyl talyp Sahy Allaýarow birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdi. Ýagny ol, Tarkanyň repertuaryna degişli Gül döktüm yollarına Atabaý Çarygulyýewiň ýerine ýetiriliş aýratynlygyna degişli Arabyň gyzy hem-de İbrahim Tatlısesiň meşhur Hadi hadi atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Onuň yzy süren bolsa, şol ýylda okaýan talyp Humaý Kakaýewa Ar almak hyjuwy atly hindi telefilminden Rajeş Roşanyň Hasetti, hasetti atly aýdymy ýaňlandy.

Konsertiň jemlerinde bolsa IV ýyl talyp Atamyrat Baratow birnäçe özbek aýdymlary, ýagny Hamid Abadullonyň Jonunni we özbek halk aýdym sazy tansy Läzgi-ni ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu aýdymlarynyň ýerine ýetirilişini tomaşaçylar şatlyk bilen kabul edendigi bellärliklidir.

Konsertiň ahyrky pursatlarynda bolsa, estrada orkestri özbek halk tans sazy Andijan polkasyny ýerine ýetirip, ondan soňra ähli ýerine ýetiriji talyplaryň aýtmagyna Şamämmet Bäşimowyň Dünýä dursun parahat aýdymynyň bilelikde ýerine ýetirilmek bilen konserti tamamladylar.

Konserti estrada orkestriniň çeper ýolbaşçysy, dirižýor we Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, Estrada sungaty bölüminiň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewa, geljekki türkmen estrada sungatynyň aýdymçy we sazandalaryny dabaraly we dostlukly el çarpyşmalar bilen goldan konserte gatnaşyjylara we diňleýjilere köp minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy