Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi

Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi

Internet ulgamynda amerikan alymlarynyň täze oýlap tapyşy baradaky maglumatlar peýda boldy. Onuň kömegi bilen çybyn çakmagyndan 100% goranyp bolýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Bu ýerde gürrüň Demirgazyk Karolina Döwlet Uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan materiallary dizaýn etmek üçin niýetlenen hasaplaýyş modeli arkaly işlenip taýýarlanan mata hakynda barýar. Ýagny, hünärmenler çybynyň kellesiniň, murtjagazlarynyň we agzynyň ululygyny öwrenip, bu maglumatlary dykyzlygy sebäpli çybynyň çakmagyndan gorap bilýän ýörite dokma materialyny döretmek üçin ulandylar diýip, MDPI ýazýar.

Hünärmenler birnäçe tapgyrda synag geçirip, çybynlaryň matanyň üstünden çakmasynyň sanyny nola çenli azaltmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji synanyşyklaryň arasynda şowsuz geçenleri-de boldy.Bu ýagdaý matanyň süýnmegi bilen baglanyşykly bolup biler diýip, alymlar çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi
Lebapda iri gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy
Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar
ÝAHK Fransiýany 8-nji Gezek Günäli Tapdy
Aşgabat aktiwistleri susdurmak praktikalaryny dowam etdirýär