Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar

Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar

Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti (MDSU) ýüz kyrkdan gowrak ugurdan hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde Russiýanyň ähli sebitleriniň we dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň wekilleri okaýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinden 10 müňden gowrak adam bu unwersitetiň talyplarydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetleri dünýäde iň gowularyň biri hasaplanýar. Moskwanyň Döwlet sebit uniwersitetinde okuw ulgamy nusgawy akademiki bilimiň we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň sazlaşygyna esaslanýar. Geljekki mugallymlary, dilçileri, žurnalistleri, psihologlary, ekologlary, syýasatçylary we beýleki hünärleriň wekillerini taýýarlaýar.

Bilim bakalawr, magistr we aspirantura laýyklykda alnyp barylýar.

Fakultetler:

Mekdepleri we orta ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini tamamlan türkmenistanly ýaşlar hem MDSU-nyň talyby bolup biler. Munuň üçin www.educationruss.ru web sahypasy ýa-da be@educationruss.ru electron salgysy arkaly anketa tabşyrmaly. Şeýle hem ýüze çykan sowallar bilen IMO / WhatsApp messenjerleri arkaly + 7 962 369 02 20 telefon belgisine baglanyp, ýüz tutup bolar.

Ýene degişli makalalar

Moskwanyň lingwistik ýokary okuw mekdebi türkmen dilini okuw maksatnamalarynyň sanawyna girizmegi meýilleşdirýär
Türkmen ýokary okuw mekdepleri Lomonosow 2026 halkara maslahatyň geçirilmegine gatnaşdylar
TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI LOMONOSOW 2026 HALKARA MASLAHATYŇ GEÇIRILMEGINE GATNAŞDYLAR
WLADIMIR MOROZOW (MDHGI): TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY BÜTIN ADAMZADYŇ BÄHBIDINE HYZMAT EDÝÄN ABRAÝLY DEREJEDIR
Wladimir Morozow (MDHGI): Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edýän abraýly derejedir
Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi
Aşgabat aktiwistleri susdurmak praktikalaryny dowam etdirýär