Çžan Min: Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir

Çžan Min: Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) bilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir, şeýle-de ýurduň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary ŞHG-niň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýär diýip, ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Miniň Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi. Bu barada Türkmenisatnyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan energetika ulgamynda uly tejribe toplady hem-de şol tejribesini paýlaşmaga, ŞHG-ä agza döwletler bilen anyk energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işlere gatnaşmaga taýýardyr diýip Döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň energetikada Türkmenistanyň ŞHG-ä agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, biziň ýurdumyz bilen ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň arasynda energetika meseleleri boýunça “ad hoc” (anyk maksada gönükdirilen) iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda sazlaşykly we netijeli işleri üpjün etmek üçin wagtlaýyn Utgaşdyryjy geňeşi döretmek hakynda teklibini hem beýan etdi.

Baş sekretar Çžan Min Türkmenistanyň ŞHG-niň agza döwletleri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigine ýokary baha berýändigini we geljekde Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýändigi baradaky pikirini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min ŞHG-niň nobatdaky sammitiniň Türkmenistanyň bu guramanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy
“DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” — HALKARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE FILOSOFIÝASY
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi
Eýran we Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden demir ýol geçelgesini işe girizmekçi
Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar