Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş saparyny tamamlap, ýurdumyza gaýdyp geldi

Serdar Berdimuhamedow Özbegistana iş saparyny tamamlap, ýurdumyza gaýdyp geldi

16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şu gün şeýle hem ŞHG-niň sammitine gatnaşyjylaryň hormatyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti resmi günortanlyk naharyny berdi.Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Samarkandyň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary birnäçe wagtdan soň, Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.Ozal habar berşimiz ýaly, ŞHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda, 15-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy
Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy
Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýändigi hakyndaky Ähtnama gol çekdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY