Däp haryt nyşanly egin-eşikleriň täze tapgyrynyň tanyşdyryşy geçiriler

Däp haryt nyşanly egin-eşikleriň täze tapgyrynyň tanyşdyryşy geçiriler

15-nji sentýabrda Däp haryt nyşanly türkmen kärhanasy Aşgabat medeni-dynç alyş merkezinde Urban stilinde — şäher gurşawy üçin niýetlenip öndürilen gündelik egin-eşik görnüşleriniň az sanly täze tapgyrynyň tanyşdyryşyny geçirýär.

Däp haryt nyşanynyň güýzki geýimleriniň hatarynda hud, jogger, longsliw, switşot, çinos we palazo ýaly geýim stilindäki 14 dürli egin-eşik öndürildi. Bu egin-eşikleriň ählisine azyndan üç gezek biçüw ölçegi geçirilip, dizaýnerler olaryň has laýyk ölçegde bolmagy üçin el ussatlygy bilen düzedişleri girizdiler.

Täze kolleksiýanyň geýimleri özara sazlaşykly görnüşi emele getirýär. Olaryň köpüsi erkekler üçinem, zenanlar üçin-de gelişýär. Harytlaryň köpdürli görnüşlerinde kiçi we uly ýaşlylar üçin islendik eşikler hödürlenýär. Olary jübüler, tipografik tikinler we beýleki bezeg elementleri bezeýär.

Däbiň dizaýnerleri mümkin boldugyça pagtadan taýýarlanan has ýakymly trikotaž we gabardin ýaly materiallary ulanypdyrlar. Täze geýimleriň reňkleri hökmünde bolsa ýapyk ak, goňras, gara we mawy, ýapyk ýaşyl we gyzyl, şeýle-de gök indigo reňklerinden peýdalanylypdyr. Kolleksiýanyň üstüni bolsa dört reňkdäki gapjyk we horjun ýetirýär.

Täze güýzki egin-eşikler kolleksiýasy bilen birlikde Däp brendi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Independent Art-kolleksiýasyny we türkmen milli äheňindäki kolleksiýasyny hem tanyşdyrar.

Kolleksiýanyň tanyşdyryşy we egin-eşikleriň satuwa çykaryljak senesi:

Däp haryt nyşanly egin-eşikleri kärhananyň Berkarar söwda we dynç alyş merkezindäki dükanyndan hem satyn alyp bilersiňiz (1-nji gat, B57b dükany). Brendiň harytlary bilen sosial ulgamyndaky sahypadan tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 85 77 70.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy
Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar
Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökmürowany” serialynyň surata düşürilişi tamamlandy
UEFA Çempionlar ligasynyň iň ýyndam futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi
Ýaşaýşyň başlangyjy barada maglumat berer
A meeting of the Council of Ministers of Foreign Affairs of the CIS member states was held in the form of a video conference