Maksadyň başdan geçirmeleri: Türkmen prezidentiniň britan premýer-ministrine beren sowgatlyk atynyň başdan geçirenleri

Maksadyň başdan geçirmeleri: Türkmen prezidentiniň britan premýer-ministrine beren sowgatlyk atynyň başdan geçirenleri

“The Guardian”, “The Independent”, “Daily Mail” we “Bloomberg” ýaly neşirler çap eden degişli makalalarynda Britaniýanyň Milli arhiwine salgylanýar.Olarda prezident Nyýazowyň britan premýer-ministrine Maksat atly Ahalteke bedewini sowgat berşi, atyň Moskwanyň üstünden otluda 3200 kilometrlik ýol söküp, Londona getirilişi, bu ugurda britan diplomatynyň eden tagallalary, aty Moskwa getiren türkmen atbakarlarynyň ýanlaryndan çykan käşir-sogan barada gürrüň edilýär.

Metbugat habarlarynda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1993-nji ýylda Beýik Britaniýa eden saparynda ýurduň premýer ministri Jon Meýjoryň 50 ýaş ýubileýine oňa Ahalteke bedewini sowgat edýär, ýöne sowgatlyk atyň özi Türkmenistanda bolup, Nyýazow Meýjora diňe atyň suratyny berýär.

Ony Türkmenistandan Britaniýa getirmek işi bilen Birleşen Şalygyň Daşary işler ministrligi meşgullanmaly bolýar.Aty Moskwadan Britaniýa getirmek işi Birleşen Şalygyň Moskwadaky ilçihanasynyň diplomaty Laura Bredä (Laura Brady) tabşyrylýar.

Arhiw materiallaryndan mälim bolşy ýaly, diplomat özüne tabşyrylan ýumuş boýunça galdyran ýazgylarynda aty Moskwada kabul edip alşy barada gürrüň berýär.Onuň 1993-nji ýylyň oktýabr aýynda Britaniýanyň Daşary işler ministrligine bu barada ugradan haty “Atlar: döwrüň gutarnykly soňy” atlandyrylýar.

Türkmen atbakarlar iki Ahalteke bedewini demir ýoly arkaly Moskwa çenli getirip berýärler.Olaryň biri Birleşen Şalygyň şol wagtky premýer-ministri Meýjora, beýlekisi Fransiýanyň şol wagtky prezidenti Fransua Mitterana niýetlenipdi. “The Guardianyň” ýazmagyna görä, britan diplomaty atlary kabul etmek boýunça öňünden gepleşilen duşuşyk üçin Moskwanyň 12-nji diplomatik gümrük postuna barýar. Ýöne postuň kabulhanasynda kätipden başga adama duşmaýar.

Kätip oňa “iki sagat soň aýlan” diýýär.Diplomat özüniň 4.5 sagat bäri wagonda garaşdyrylýan atlar üçin gelendigini aýdýar. Ýöne kätip oňa atlara derek, “fin ilçisine degişli totyguşyň keç ykbaly barada” gürrüň berýär.

Ahyry kätip diplomaty gümrük gullugynyň postuna kabul edýär.Ol içeride gümrük gullugynyň işgärleriniň karta oýnap oturandyklaryna şaýat bolýar.Britan diplomaty ol ýerde gümrüge degişli dokumentleri sazlandan soň, atlary almak üçin Moskwanyň demir ýol stansiýasyna barýar.

Ol ýerde oňa “ertir gel” diýýärler.Bredi ertesi güni demir ýol stansiýasyna barýar, uzaga çeken “kagyz işlerinden” soň, ahyry atlary wagondan düşürmäge rugsat berliýär.Atlar wagondan düşürilýän wagty britan diplomaty bir geň waka şaýat bolýar: “Geň galmaly ýeri, atlary getiren atbakarlar atlaryň ýany bilen wagondan howul-hara halta-halta kartoşka, sogan, käşir we azyndan 200 sany gawun düşürdiler” diýip, The Guardian waka barada gürrüň berýär.

Diplomat olaryň nämedigi bilen gyzyklanýar.Türkmenistanly atbakarlaryň biri şol gök-bakjalary satyp özleriniň yzlaryna, Aşgabada gaýdyş biletlerini satyn almalydyklaryny aýdýar.Soňra gürrüňçi atbakar özleriniň otluda atlary Türkmenistandan Moskwa getirişleri barada gürrüň berýär. “Otly Gazagystanyň üstünden geçende olary garakçylar talaýar. Ýöne talara pul tapmansoň, olar göteribilen gawunlaryny alyp otludan düşüp galýarlar” diýip, The Guardian ýazýar.

Ahyry Ahalteke bedew wagondan düşürilip karantin at ýataga ýerleşdirilýär.Haçan-da ol Britaniýa getirilende, onuň hüý-häsiýeti dabara ýörişlerine niýetlenen atly goşun üçin ýaramsyz kabul edilýär hem-de Uwelse ugradylýar.

Ahal-teke.co.uk saýtynyň maglumatlaryna görä, türkmen bedewi Britaniýada ýyndamlygy bilen öňe saýlanyp, birnäçe çapyşyklaryň ýeňijisi bolýar. “Onuň höwre goýulmagynda 30 taý alyndy” diýip, The Guardian ýazýar.Britan premýer-ministrine sowgat berlen Ahalteke bedewiniň başdan geçirmeleri barada mundan ozal, 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda-da BBC International kanalynyň websaýtynda maglumat çap edilipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy
Halkara guramasynyň täze başlygy