17-nji Dünýä çempionaty

Angliýanyň Birmingem şäherinde Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 17-nji Dünýä çempionaty geçirilýär. 1-nji martda başlanan çempionat 4-nji martda-da tamamlanar.Ilkinji günki ýaryşlarda beýikligine bökmekde erkekleriň arasynda-da, zenanlarda-da russiýaly ýeňil atletikaçylar altyn medala mynasyp boldular.

Erkeklerden 20 ýaşly Danil Lysenko (2,36 metr) altyn, katarly Mutaz Essa Barşim (2,33) kümüş hem-de germaniýaly Mateuş Pşibilko (2,29) bürünç medal gazandy.Zenanlardan Mariýa Lasiskene 1-nji (2,01 metr), amerikaly soňky çempion Waşti Kanningem 2-nji (1,93), italiýaly Alessia Trost 3-nji (1,93) ýeri eýeledi. Şeýle-de 3000 metr ylgamakda efiopiýaly Genzebe Dibaba yzly-yzyna 3-nji çempionlygyny baýram etdi (8:45,05 minut).

Niderlandlardan Sifan Hassan 2-nji, Beýik britaniýaly Laura Muir 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy
Halkara guramasynyň täze başlygy
Maksadyň başdan geçirmeleri: Türkmen prezidentiniň britan premýer-ministrine beren sowgatlyk atynyň başdan geçirenleri