Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen delegasiýasy 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda iş sapary bilen Ženewa bardy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Peter Maurer, BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Muhisa Kituýi, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň baş direktory Frensis Garri, we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Laura Tompson bilen duşuşyklar geçirdi.

Energetika, ulag, parlamentara gatnaşyklar, halkara ynsanperwer hukugyny öňe sürmek we ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek, migrasiýa, intellektual eýeçiligi we ekologiýa meseleleri, şol sanda Türkmenistanyň halkara guramalaryndaky agzalygy ýaly mesele boýunça pikir alyşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şeýle-de, türkmen delegasiýasy Şweýsariýanyň Egl şäherinde boldy we ol ýerde Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartient bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda welosiped sporty boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmek baradaky meselä garadylar.

Ýatladýarys, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy 2-3-nji iýulda iş sapary bilen Wenada, Awstriýada boldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Halkara guramasynyň täze başlygy
Maksadyň başdan geçirmeleri: Türkmen prezidentiniň britan premýer-ministrine beren sowgatlyk atynyň başdan geçirenleri