Halkara guramasynyň täze başlygy

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň baş direktorlygyna ozalky ýewrokomissar, portugaliýaly wekil Antonio Manuel de Karwalho Witorino saýlandy.Onuň migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýörite maslahatynda bu wezipä saýlanandygy barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär.Ol özüniň ikinji bäş ýyllyk möhletini tamamlaýan amerikaly Uilýam Leýsi Swingiň ýerine geçer.

Antonio Manuel şu ýylyň 1-nji oktýabrynda öz wezipesine girişer. 1957-nji ýylda doglan Antonio Manuel 1999-2004-nji ýyllarda hukuk we içeri işler boýunça ýewrokomissaryň wezipesinde işledi, 1995-1997-nji ýyllarda Portugaliýanyň Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk etdi we ýurduň wise-premýeri boldy.Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň maslahatynda bu wezipä öz hökümetleri tarapyndan üç dalaşgär haýyr-sahawat gaznasy “Samaritan’s Purse”-den Ken Aýzeks (ABŞ), Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň baş direktorynyň orunbasary Laura Tompson (Kosta-Rika) we ozalky ýewrokomissar Antonio Witorino (Portugaliýa) dagy hödürlendi.

Saýlamak üçin ses berlişiklerde Portugaliýanyň wekili sesleriň üçden ikisine eýe boldy.Bu gurama 1951-nji ýylda döwletara guramasy hökmünde esaslandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi tamamlandy
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
Dünýäde bosgun çagalaryň sany artýar
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty