Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi tamamlandy

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi tamamlandy

31-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Mukamlar köşgünde" geçirilen gala konserti bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Bu barada konserte tomaşa eden Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi.

"Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hepdeligiň açylyş dabarasyndaky konserte tomaşa etmek bagtyna eýe bolanlar şonda ýerine ýetirilen repertuary gaýtadan diňlemekden hoşal bolardylar. ​Emma Döwlet orkestriniň sazandalary we Döwlet horunyň aýdymçylary ilkinji konsertden üç eseri gaýtalap, nusgawy aýdym-saz sungatyny söýüjileriň we täze diňleýjileriň göwnünden turmak üçin täze programma ýerine ýetirdiler" diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, 24-nji oktýabrda Aşgabatda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçirilen Medeniýet hepdeliginiň şol dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlanypdy.

Hepdeligiň tamamlanmagyna bagyşlanan gala konsert, litwaly myhman Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky horuň (orkestrsiz)dört sany ruhy liturgik eseriň latyn dilinde ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Soňra Lýudwig Wan Bethoewniň "Ta-ta-ta" atly eseri ýaňlandy.

"Ekranda goýberilen wideoklibiň aşagynda Nury Halmamedowyň iki aýdymy - 'Iki agaç' we 'Bilezik' hem ýerine ýetirildi. Horçularyň çykyşynyň birinji bölümi myhman solist Laura Berziniň ýolbaşçylygynda Latwiýanyň iki halk aýdymynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy" diýip, habarçymyz aýdýar.

Konsertde horçularyň çykyşyndan soňra sahna Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri geldi we fransuz kompozitory Georges Bizetiň "Karmen" we çeh kompizotory Antonin Dworžakyň "Slowýan tanslary" ýaly eserlerini ýerine ýetirdiler. Soňra gaýtadan sahna dolanan horçular beýleki eserler bilen bir hatarda, Wira Timermanyň ýolbaşçylygynda Giacomo Puccininiň "Messa di Cloria" eserini ýerine ýetirdiler.

Häzirki zaman grek kompozitory Wangelisiň (Ewangelos Odysseus Popatanasio - 1943-2022) 1992-nji ýylda döredilen Kristofer Kolumb barada "1492. Jennetiň ýeňilmegi" atly filmde ulanylan eseri hem konsertde ýaňlandy. Gala konserti Georg Frederihiň "Halleluýah" eseri bilen tamamlandy.

Habarçymyz konserte köp sanly medeniýet işgäriniň we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmaga mejbur edilendigini, olaryň atlarynyň ýörite žurnalda bellige alnandygyny hem habar berdi.

Şol bir wagtda, ol uzaga çeken, tüýs ýürekden edilen alkyşlaryň konsertiň ähli sanlarynyň üstünlikli bolandygyny we diňleýjileriň gündelik problemalardan daşlaşyp, aýdym-saz äleminden lezzet alandygyny görkezýär hem diýdi.

"Aýdym-saz konsertlerine yzygiderli gelýän diňleýjiler Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň iki - açylyş we gala - konsertiniň programmasyny ýene diňlemek isleýändiklerini aýtdylar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Resmi maglumata görä, Medeniýet hepdeliginiň çäginde konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy
Halkara guramasynyň täze başlygy