Kosta-Rikada Fernandes öňe saýlanýar

Kosta-Rikada Fernandes öňe saýlanýar

Kosta-Rikada geçirilen Prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, häkimiýet başyndaky “Özygtyýarly halk” partiýasynyň dalaşgäri Laura Fernandes 50,8% ses alyp, öňe saýlandy. Ýokary saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, Fernandes ýokary netije bilen öňdeligi eýeleýär. Onuň iň ýakyn bäsdeşi Milli azat ediş partiýasynyň dalaşgäri Alwaro Ramos bolsa, 31,6% ses alyp, ikinji orunda barýar.

Kosta-Rikanyň kanunçylygyna laýyklykda, saýlawyň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgär azyndan 40% ses almalydyr. Eger häzirki dinamika saklanyp galsa, bu ýagdaý Fernandese saýlawyň ikinji tapgyryny geçirmezden ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berýär.

Prezident saýlawyna jemi dokuz dalaşgär gatnaşdy.Saýlawlardan öňki kampaniýanyň barşynda neşe serişdelerini bikanun dolanşygyna garşy göreş, howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy hem-de ýaşaýşyň gymmatlygynyň ýokarlanmagy jemgyýetçilik çekişmeleriniň esasy temalary boldy. 39 ýaşly Fernandes, saýlaw kampaniýasynyň barşynda häzirki Prezidentiň syýasatyny dowam etdirmekçidigini wada bardi.

Häzirki Prezident Rodrigo Çawesiň syýasy mirasdüşeri bolan Fernandes, saýlawdan öňki kampaniýasynyň dowamynda esasy ünsüni häzirki ykdysady ugruny dowam etdirmäge we ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirýär.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Parlament saýlawlary geçiriler
“Kia” Gazagystanda awtomobil önümçiligini ýola goýar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder