Dagynyk beýni sindromy

Dagynyk beýni sindromy

Tehnologiýa garaşly bolan adamlarda ünsüň bölünmegi, aladalanmak, depressiýa we beýleki impuls bozulmalalary başdan geçirilýär.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Döwrümiziň keseli: Dagynyk beýni sindromy atly bölümiň üstünde durup geçmek isleýäris.

Dagynyk beýni sindromy näme?

Stambul Saglygy goraýyş ylymlary uniwersitediniň mugallymy Prof.Dr. Özalp Ekinji, Döwrümiziň keseli: Dagynyk beýni sindromyny, 90-njy ýyllaryň ahyry bilen 2000-nji ýyllaryň başyndan başlap tehnologiýanyň ekranly ýagdaýa öwrülmegi bilen birlikde, sanly enjamlaryň adamlaryň saglygyna ýetiren täsiriniň we garaşlylygynyň netijesi hökmünde häsýetlendirýär.

Dünýä bu döwrüň keseli bilen nädip keselledi?

Tapgyrlaýyn häsýetde tehnologiýa dünýäsiniň adamlara hödürlän täsir edijileri, hakyky durmuşymyzdakylardan has reňkli we özüne çekiji ýagdaýa geldi we şol ýagdaý tehnologik enjamlaryň ulanylyşynda belli bir wagtdan soň adamlarda barha artýan bir garaşlylyk potensialyny emele getirdi.

Soňky 20 ýylda psihiatriýa ylmy bilen meşgullanýan adamlar tehnologiki enjamlaryň, ekranlaşdyrylan enjamlaryň beýnimizdäki garaşlylyk merkezini stimulirländigini hasaba aldylar. Geçirilen ylmy-derňewde tehnologik enjamlary köp ulanýan we indi taşlap bilmeýän çagalaryň we ýetginjekleriň beýnisindäki garaşlylyk merkezine bir madda alan ýaly çynlakaý täsir edýändigini görkezýär.

Tehnologiýa bolan garaşlylyk keselmi?

Diagnostiki klassifikasiýa ulgamynyň Diagnoz sanawyna (DSM- Diagnostic and Statistical Manual of Mental Disorders) ýokary derejede diagnoz toparyna girip biljek kliniki ýagdaýlar bölümine, adamlary ýalňyzlaşdyryp, depressiýa salyp bilýän “Internede bolan garşlylyk” hem goşuldy. Şol ýagdaý tehnologiýa bolan garşlylygy subut edip bolýandygyny görkezýär.

Dagynyk beýni sindromynyň alamatlary nämeler?

Ekrana köp wagtlap sezewar galmak, çagalarda we ýetginjeklerde hroniki ýadawlyk, ünsüň bölünmegi, ekranyň aklyňdan tiz wagtda çykmazlygy, wirtual älem bilen hakyky dünýäniň arasynda gatnaşygyň ýola goýulmagynda kynçylyklaryň başdan geçirilmegi ýaly meseleleri döredýär.

Sanly ekranlar çagalarda autizmiň döremegine sebäp bolýarmy?

Ilki bilen şuny nygtap geçmelidiris: çaganyň sanly ulgam boýunça hünärliligi soňky ýyllarda onuň şol babatda örän ussat boljakdygy manysyny bermez.

Diliň kämilleşýän iň täsirli döwründe, interaktiw bir aragatnaşyga geçmegiň ýerine, özüni sanly ekrana, passiw pozisiýa gönükdirýän çagalaryň gürlemäge başlamak tapgyrynda bökdençlikler, arkaýyn gürläp bilmezlik ýaly meseleler hasaba alynýar, şol ýagdaý bolsa autizme meýilliligi bolan adamlarda keseli güýçlendirip biler.

Sanly beýni sindromyna garşy ene-atalar näme çäreler görmeli?

Ilkinji esasy düzgün, başdan başlap tutanýerlilik we erjellik bilen düzgünler goýulmalydyr. Maşgalanyň içinde karar kabul edilmeli we şol karary maşgala agzalarynyň ählisi berjaý etmelidir. Agşam sagat 20:00-dan başlap her kim ähli öýjükli telefonlary goýup we ekranlary ýapyp, okamak, oýun oýnamak ýaly işlere ugrukdyrylmalydyr.

Ilkinji 4 ýaş- Çagalara çürt kesik tehnologiki enjamlar berilmeli däldir.

4-5 ýaş- ýarym sagat, 45 minut rugsat berilmeli.

6-7 ýaş- 45 minut, 1 sagat rugsat berilmeli.

We ýetginjeklik ýaşyna çenli her gün 1-1,5 sagat we hepdäniň ahyrynda 2-2,5 sagat çäk goýulmalydyr.

Ikinji esasy düzgün, tehnologiki enjamlaryň ýerine bir zat goýmak.

Tehnologiki enjamlara garaşlylygyň uzak wagt motiwasiýa bolanyndan soň berýän keýpiň, ýerine özara gatnaşygyň, duýgurlygyň, hereketleriň, gysgaça aýdylanda spordyň sosial we emosional jogaplary bolan görnüşleri şol ýagdaýa gowy gelip biljek iň gowy alternatiwalardyr.

Internete bolan garaşlylykdan nähili azat bolup bileris?

Maşgalanyň ähli agzalarynyň belli bir sagatdan soň, telefonlaryny we ekranlaryny dolulygyna ýapmagy we bilelikde wagt geçirmek bilen tapgyrlaýyn häsýetde internete bolan garaşlylyklaryndan azat bolup bilerler.

Emele geljek şol ýagdaý adamlarda mahrumlyk duýgusyny döretsede, şol ýagdaýa belli bir wagtdan soň öwrenişip bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzly fleýta
Sagdyn durmuşyň formulasy: Hereket etmek
"Gözegçilik meniň elimde" taslamasy
Ördek sindromy
Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar
Akylly sagatlar: artykmaçlykmy ýa-da howpmy?