"Gözegçilik meniň elimde" taslamasy

"Gözegçilik meniň elimde" taslamasy

Soňky wagtlarda barha ýaýbaňlanýan sanly dünýäde sosial media hasaplarymyzyň we şahsy maglumatlarymyzyň howpsuzlygy babatyndaky düşünjämizi artdyrmagyň ýollary.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde Meta-nyň ýagny Facebook-yň Habitat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyda durmuşa geçiren Gözegçilik meniň elimde atly taslamasynyň çäginde sanly howpsuzlygynyň üstünde durup geçeris.

Soňky wagtlarda barha sanlylaşýan dünýäde şahsy maglumatlaryň we sosial media hasaplarynyň howpsuzlygy meselesi aýratyn bir orun eýeleýär.

Her gün töweregimizde azyndan bir adamyň sosial media hasabynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda kynçylyklar başyndan geçirýändigine şaýat bolýarys.

Bu meselede nähili çäreler görülip biliner we sosial media hasaplarymyz we şahsy maglumatlarymyzyň howpsuzlygy babatynda düşünjämizi nähili ýagdaýda artdyryp bileris?

Sanly üýtgeşme

Sanly üýtgeşme senagaty 2.0 bilen durmuşymyza girdi we häzirki wagtda hem dowam edýän bir tapgyr. Elektrik toklar bilen başlaýan şol tapgyr senagat 3.0 we senagat 4.0 bilen ençeme ugurlara uýgunlaşdyryldy.

Sanly dünýäde sagdyn ýaşamak üçin nämeler etmelidiris?

• Sport zalyna gidiň.

• Meditasiýa ediň.

• Kitap okaň.

• Öý haýwanlary bilen wagt geçiriň.

• Gündelik ýazyň.

• Halaýan aýdymyňyzy diňläň.

Sagdyn sanly endikler nähili emele gelýär?

• Konsentrasiýa üçin sessizligi üpjün ediň

• "Tehnologiýa arakesmesini" dörediň.

• Wagt dolandyryşyny üpjün ediň.

• Has gowy ukyny höweslendiriň.

• Gözüňiziň saglygyny alada ediň.

Sanly gurşawda maglumatyň dogrulygyny nähili ýagdaýda tassyklamaly?

• Maglumatyň takyklygy azyndan 3 aýry çeşmeden barlanmaly.

• Maglumatyň bar bolsa, wideo we surat materiallarynyň derňelmegi we ýazga gabat gelip-gelmeýändigi barlanmaly.

• Paýlaşanyňyzda, nähili netijesiniň bolup biljekdigi barada oýlanyp, paýlaşylmaly.

Onlaýn gurşawda howpsuz maglumatlary tapmak üçin nämeler edilmeli?

• Asyl çeşmesini tapyň.

• Çeşmesini barlaň.

• Diňe bir çeşmä bil baglamaň.

• Habarlary tassyklaýan çeşmeleri gözden geçiriň.

• Ozal takyklygy barlanan çeşmeleriňize ser salyň.

Sanly gurşawda ygtybarly parollar üçin teklipler:

Iň azyndan bir simwol bolmaly.

• Iň azyndan bir baş harp we bir kiçi harp bolmaly.

• Iň azyndan 7 simwoldan ybarat bolmaly.

• Ýeňil ýagdaýda ýadyňa salyp bilmeli.

• Giňden ulanylýan bir sözi ýa-da şahsy maglumatlaryň bolan bir maglumat ulanylmaly däl (Dogulan günüň, ene-ataň ady ýaly)

• Şol birmeňzeş parollary dürli web sahypalarynda ulanmaly däl.

Ene-atalar sosial mediada maglumat paýlaşan mahallary nämelere üns bermeli?

• Paýlaşylan mazmunlar gizlinligi bozmaly däldir!

• Käbir mazmun gizlin ýagdaýda galmalydyr!

• Erbet maksatlar bilen ulanyljak mazmun paýlaşylmaly däldir!

• Şahsy durmuşyň gizlinligi bozulmaly däldir!

• Sanly gurşawda çagalara degişli bolan maglumatlaryň geljekde mesele ýüze çykamgyna sebäp döretjek hereketler etmeli däldir.

Hormatly diňleýjiler. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde Meta-nyň ýagny Facebook-yň Habitat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiren Gözegçilik meniň elimde atly taslamasynyň çäginde sanly howpsuzlygyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa
Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?
Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr