Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär

Şu ýyl Türkiýeden 98 uniwersitet "UI GreenMetric World Green Universities Reýting Ulgamy" sanawyna girmegiň hötdesinden geldi.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Türk uniwersitetleri üçin "UI GreenMetric World Green Universities Reýting ulgamynda" has ýokary dereje almak üçin hasabat taýýarlan akademikler, ýaşyl dolandyryş çemeleşmesi bolan ýokary okuw jaýlaryň uzak möhletde öňe çykjakdygyny aýdýarlar.

Indoneziýa uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri daşky gurşaw, jemgyýetçilik we ykdysady taýdan durnukly durmuş ýörelgesini kabul etmek bilen, öz zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýän we bu ugurda öňbaşçylyk edýän ýokary okuw jaýlaryny, özi tarapyndan öňe sürülen we özgerdilen "UI (University of Indonesia) GreenMetric World Green Universities Reýting ulgamy" bilen derejelendirýär.

Dünýä derejesinde bu ugurda iň köp kabul edilen reýting gözlegleriniň biri bolan ulgamyň ölçegleri, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň çäginde 17 sany esasy sözbaşynyň çägindäki görkezijiniň 6-sy esasynda amala aşyrylýar.

Derejelendirmä 2022-nji ýylda dünýäniň 1050 uniwersiteti we Türkiyeden 83 uniwersitet gatnaşan bolsa, 2023-nji ýylda dünýäniň 1183 uniwersiteti we Türkiyeden 98 uniwersitet gatnaşdy.

Şu ýyl ölçeglere Türkiyeden gatnaşan 98 uniwersitetiň 6-sy ilkinji 100-ligiň hataryna girmegi başardy. Ilkinji 200-lige giren 9 türk uniwersitet, gurluş we infrastruktura, energiýa we howanyň üýtgemegi, zyňyndylar, suw we bilim bölümleri boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende ballaryny artdyrmagyň hötdesinden geldi.

Geçen ýyl 47-nji orny eýelän Stambul Tehniki Uniwersiteti, şu ýyl derejelendiriş kriteriýalary boýunça iň ýokary ballary bilim, energiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda aldy.

Türkiyeden iň ýokary 2-nji baly we sanawyň 63-nji ornuny Ýyldyz Tehniki uniwersiteti eýelän bolsa, Erjiýes uniwersiteti, Özýegin uniwersiteti, Ege uniwersiteti we Ýeditepe uniwersiteti Türkiyeden ilkinji 100-lige girmegi başardy.

Türkiyeden sanawa 2023-nji ýylda goşulan uniwersitetleriň esasan hem suwuň ulanylyşy we gaýtadan işlemek babatynda gowy ballar alandyklary, energetika we howanyň çalşygy kriteriýalarynda bolsa has pes bal alandyklary beýan edildi.

Stambul uniwersitetinden Burju Zeýbek mesele bilen bagly beren beýanatynda: “Dünýäniň ençeme uniwersiteti indi güýçli, abraýly, markalaşan korporatiw keşp üçin dünýäni, daşky gurşawy, jemgyýeti ünsden düşürmän işlerini ýerine ýetirýär, jemgyýetçilik bähbidi ileri tutýar we şol ugurlarda bölümler döredýär.

Geçirilýän işler diňe bir akademiki we ylmy jemgyýeti däl, eýsem hemmeler üçin elýeterli bolmaly.Uniwersitetler başarnykly talyplaryň özlerini saýlamaklary üçin özara bäsleşýärler.Mundan beýläk uzak wagtda tebigy çeşmeleri ysryp etmeýän, daşky gurşawa we adamlara zyýan ýetirmeden hereket etmegi maksat edinýän, ýaşyl dolandyryş çemeleşmesi bolan uniwersitetler öň hatara çykar” diýip habar berdi.

Habar Çeşmesi: TRT Haber

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär” atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmen uniwersiteti UI Green Metric Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy