Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti

Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti

Internet eýýamy bilen barha globallaşýan dünýäde pandemiýa döwründe ýaýbaňlanan “Gig Ykdysadyýeti” şu günki gün çalt depginler bilen ösmäge dowam edýär. Freelance görnüşde işleýänlere mümkinçilikler hödürleýän Gig Ykdysadyýetiniň oňaýsyz taraplary hem bar. Gig Ykdysadyýeti näme?

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti atly temanyň üstünde durup geçeris.

Internet eýýamy Gig Ykdysadyýeti diýilýän zähmet modelini ýany bilen getirdi.

Esasan hem pandemiýa döwründe barha ýaýbaňlanan Gig Ykdysadyýeti globallaşýan dünýäde ösmäge dowam etmek bilen birlikde, ähli ýaşdaky adamlara durnukly ýa-da goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik hödürleýär.

Freelance zähmet modeliniň çägindäki bu nusganyň artykmaçlyklary bilen birlikde kemçilikleri hem bardyr.

Gün-günden ösmegini dowam etdirýän bu ykdysady model nämäni aňladýar?

Gig Ykdysadyýetiniň artykmaçlyklary we kemçilikleri

Gig sözi aýdym-saz pudagyndan gelip çykan bir söz bolmak bilen birlikde, gysga möhletlik iş manysyny aňladýar.

Ykdysady nukdaýnazardan, işgärler üçin wagtlaýyn iş ýa-da iş üpjünçilik ykdysadyýeti hökmünde kesgitlenilýär.

Esasan hem pandemiýa döwründe döredilen iş şertlerinde ünsi özüne çeken Gig Ykdysadyýetiniň ýokary depgini häzirki wagtda artmagyny dowam etdirýär.

Freelance iş modeliniň çägindäki Gig Ykdysadyýeti nusgasynyň artykmaçlyklary ýaly kemçilikleri hem bardyr.

Işgärleriň ýeke başyna iş beriji bilen iş salyşmagy, kärdeşler arkalaşygy hukuklaryndan mahrum bolmaklary ýa-da dowamly girdejileriniň bolmazlygy ýaly howply tapgyr kimin görünip biler.

Emma beýleki tarapdan bir mümkinçilik hökmünde öňümize çykýar. Iş sagatlaryň çeýeligi, işgäriň öz-özüne täze iş mümkinçiliklerini döredip bilmegi, esasan hem sanly platformalarda täze iş mümkinçiliklerine ýetip bilmegi görnüşindäki mümkinçilikler ykdysadyýeti hökmünde häsýetlendirmek mümkindir.

Iň möhüm faktor "Tygşytlylyk"

Esasan hem uly kärhanalar hem barha artýan talaplary kanagatlandyrmak hem-de wagtlaryny tygşytlamak üçin günsaýyn Gig ykdysadyýetiniň gözbaş alýan freelance zähmet modeline ugrukmaga dowam edýärler.

Bir işgäri iş bilen üpjün edip, doly iş hakyny tölän wagtyňyz çykdajylary bilen bilelikde uly mukdarda çykdajysy bardyr. Emma siz oňa gündelik ýa-da aýlyk 5 sagatlyk iş etdirjek mahalyňyz, has arzana düşýär.

Indi kärhanalar öz içinde dowamly işleýän toparlary jemlemek birlikde, daşarydan hem özleriniň we müşderileriniň käbir zerurlyklaryny freelance işgärleriniň üsti bilen kanagatlandyryp bilýärler.

Habar Çeşmesi: TRT Haber

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek