ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?

ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?

Emeli intellekt goldawly söhbetdeşlik roboty ChatGPTm soňky wagtlaryň iň köp gürrüň edilýän gollanmasy boldy. Programmanyň ýeňilleşdiriji bir tarapy bolsada hünärmenler käbir howplaryň bardygyny pikir edýärler. Şeýlelik bilen, programma haýsy töwekgelçilikleri öz içine alýar?

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Emeli intellekt goldawly söhbetdeşlik roboty ChatGPT soňky wagtlaryň iň köp gürrüň edilýän gollanmasy boldy. Programmanyň ýeňilleşdiriji bir tarapy bolsada hünärmenler käbir töwekgelçilikleriň bardygyny pikir edýärler. Şeýlelik bilen, programma haýsy howplary öz içine alýar?” temasynyň üstünde durup geçmekçi.

Aralarynda Ilon Mask hem bolan 1 müňden gowrak hünärmen tarapyndan gol çekilen emeli intellekte (AI-Artificial Intelligence) garşy hat, Emeli intellekt modelleriniň özgerdilmeginde, bäsleşigiň howplary babatynda duýduryşlar berýär we işleriň 6 aý möhlet bilen duruzulmagyny isleýär.

Diýalog görnüşinde aragatnaşyk saklaýan bir dil nusgasyna eýe bolan ChatGPT, soňky wagtlaryň üstünde iň köp jedelleşilýän emeli intellekt programmasydyr. Programma islendik soraga jogap berip bilýär, emma berýän jogaplary wagtal-wagtal şübhe döredýär.

Häzirki wersiýasy 175 milliard maglumat sanawyna eýe bolan programma, soraglara doly jogap bermek üçin milliardlarça maglumaty gözden geçirýär.

Programmanyň ýeňilleşdiriji tarapynyň bolmagy ulanyjylaryň kanagatlanarlylygyny artdyrýar, emma jogaplaryň ählisi dogry däl.

Ulanyjylary ýalňyş maglumata ugrukdyryp bilýär

Hünärmenler programmanyň käbir töwekgelçilikleri özünde jemläp bilýändigini pikir edýärler. Sanly media hünärmeni Oguzhan Saruhan söhbetdeşlik robotlarynyň käwagt ulanyjylary ýalňyş maglumatlara ugrukdyryp bilýändigine ünsleri çekdi.

Şol maglumatlaryň arasynda dogry bolmadyk, manipulýasiýa edilen maglumatlaryň bolup biljekdigini aýdan Saruhan: “Şol maglumatlaryň içinde jynsparazlyk, faşizm ýa-da beýleki erbet duýgular hakda maglumatlar bolup biler we size täsir edip biler” diýip habar berdi.

Hünärlere howp salýar

ChatGPT-niň hünärlere howp salmak mümkinçiligi hem bar. Hünärmenler geçirilen derňewleriň hem şony görkezýändigini belläp, şol barada duýduryş berýär.

Saruhan: “Şu gün geçirilen bir derňewe görä, 1 müňe golan hünär şu günki görnüşi bilen arka plana geçip biler” diýip mälim etdi.

Hünärmenler geljekde has köp gürrüň ediljek meseleleriň biriniň hem awtorlyk hukugynyň boljakdygy barada pikir edýärler. Sebäbi, öndürilen umumy maglumatlar bilen orta çykmagy, eýesiniň kimdigi baradaky soragy ýüze çykaryp biler.

Hytaý we Italiýa gadagan etdi

Programmadan hoşal bolanlar hem bar, onuň uly töwekgelçilikleriniň bardygyny aýdýanlar hem bar. Hytaý we Italiýa ChatGPT-ni gadagan etdi. Twitteriň ýolbaşçysy Ilon Mask we käbir beýleki emeli intellekt hünärmenleri gollanmanyň ulanylşynyň duruzylmagy barada çagyryş berdi.

Habar çeşmesi: TRT Haber

HD. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Emeli intellekt goldawly söhbetdeşlik roboty ChatGPT soňky wagtlaryň iň köp gürrüň edilýän gollanmasy boldy. Programmanyň ýeňilleşdiriji bir tarapy bolsada hünärmenler käbir töwekgelçilikleriň bardygyny pikir edýärler. Şeýlelik bilen, programma haýsy howplary öz içine alýar?” temasynyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Emeli intellektiň surat çekmek ukyby
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa