Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň

Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň

Ýaşaýyşyň geljegi instituty tarapyndan çap edilen hatda, emeli intellektiň modelleriniň özgerdilmeginde ýaryşyň howplary babatynda duýduryş berilýär we işleriň 6 aý möhlet bilen goý bolsun edilmegi islenýär.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ýüzlerçe alymyň Ýaşaýyjyň geljegi instituty (Institute for the Future of Life) tarapyndan çap edilen hatda emeli intellekte garşy durmagyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Aralarynda Ilon Mask hem bolan 1 müňden gowrak hünärmen tarapyndan gol çekilen emeli intellekte (AI-Artificial Intelligence) garşy durulyp ýazylan hatda, emeli intellektiň modelleriniň özgerdilmeginde ýaryşyň howplary babatynda duýduryş berilýär we işleriň 6 aý möhlet bilen goý bolsun edilmegi islenýär.

Ýaşaýyşyň geljegi instituty (Institute for the Future of Life) tarapyndan çap edilen hatda, “Güýçli emeli intellekt ulgamlary, diňe täsirleriniň oňyn boljagyna we töwekgelçilikleriniň dolandyrylyp bilinjek ýagdaýda boljagyna göz ýetirilende, dogry, ygtybarly, düşnükli, aç-açan, oňuşykly, ynamdar bolan mahaly özgerdilmelidir” diýip habar berilýär.

Gol çeken adamlaryň arasynda Ilon Mask, Apple kärhanasynyň esaslandyryjy şärigi Stiw Woznýak, transgumanist-taryhçy Ýuwal Noý Harari ýaly tanymal adamlar bar.

AI-e garşy ýazylan hatda emeli intellekt barada näme diýilýär?

Erkin hünäre eýe bolmak we nädogry maglumatlaryň köpelmegi, hatda görkezilen AI tehnologiýalary baradaky esasy aladalaryň ikisidir.

Emeli intellekt tehnologiýalarynyň özgerdilmegi üçin GPT 4 we şoňa meňzeş emeli intellekt (AI) çözgütleriniň halka açyk we tassyklanyp bilinjek häsýetde bolmagynyň zerurdygy aýdylýar.

Hatda: “Bu säginme gysga wagtyň içinde düzgünleşdirilmese, hökümetler işe girişmeli we duruzmak tapgyryny başlatmalydyr” diýip habar berilýär.

Ilon Mask maşyn intellektiniň adamlaryňkydan geçmek tapgyrynyň 2025-nji ýylda gelip ýetjekdigini we adamlaryň super kompýuterleriň öý haýwanlary bolmak töwekgelçiligine sezewar galyp biljekdigini çak edip, eýýäm ençeme wagt bäri emeli intellektiň howplary barada duýduruş berýär.

Ýaşaýyşyň geljegi instituty merkezi Londonda ýerleşýän Founders Pledge grubu we Silicon Valley Community Foundation guramalary tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Habar çeşmesi: TRT Haber

Eziz ildeşler. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ýüzlerçe alymyň Ýaşaýyjyň geljegi instituty (Institute for the Future of Life) tarapyndan çap edilen hatda emeli intellekte garşy durmagyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa
Iş dünýäsinde täze düzgün: Gig Ykdysadyýeti
Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär