Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň fotohabarçylary News Photo Awards. A Changing World halkara bäsleşigine çagyrylýar.

Russiýanyň ТАSS habarlar agentliginiň guraýan bäsleşigine KHS bilen hyzmatdaşlyk edýän tejribeli fotohabarçylar gatnaşyp bilerler. Bu gezek onuň guramaçylary bäsleşige gatnaşjaklara öz işlerinde dünýädäki özgertmeleri görkezmegi teklip etdiler. Öň hatarda işleýän fotohabarçylar iň wajyp we gyzykly wakalary ilkinji bolup suratlarynda görkezýärler we geljekki nesil üçin häzirki pursady saklap galýarlar.

Dünýäniň esasy agentlikerliniň we KHS-niň wekillerinden düzülen ygtyýarly emin agzalary ýeňijileri dört: täzelikler (News), adamlar we durmuş ýörelgeleri People & Lifestyle), saglygy goraýyş (Нealthcare) we daşky gurşaw (Environment) ugurlary boýunça kesgitlärler.

Her ugurdan iki ýeňiji Iň gowy surat we Iň gowy fotosuratlar sessiýasy üçin aýan ediler. Baş baýrak iberilen işlerden bäsleşigiň tematikasyny has şowly açan iň gowy surata berler.

News Photo Awards bäsleşiginiň netijesi 2022-nji ýylyň martynda yglan ediler. Oňa gatnaşmaga isleg bildirmeler 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli bäsleşigiň saýtynda kabul edilýär.

News Photo Awards ilkinji bäsleşigi geçirmek pikirini Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2020-nji ýylyň aprelinde ТАSS habarlar agentligine beren interwýusynda teklip edipdi. Şol döwür koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmek Overcoming COVID-19 bäsleşiginiň baş mowzugy bolupdy.

Bäsleşik dünýä bilelşiginde uly gyzyklanma döretdi oňa 84 ýurtdan 4 müňden gowrak ýokary hilli surat ugradyldy.Bu döredijilik bäsleşigi fotohabarçylaryň işiniň wajyplygyny görmäge, agyr şertlere käre ussatlygyna we kyn ýagdaýlardaky edermenligine baha bermäge mümkinçilik berdi.

News Photo Awards. Overcoming COVID-19 bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleri soňra Russiýada geçirilen iri işewürlik we sergi çärelerinde görkezilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Uilhaýt aradan çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary, BAE-niň ilçihanasy arap dili boýunça mugt okuw sapaklaryny guraýar, Türkmenistanda +48° çenli yssy howa garaşylýar
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy