“Google” ulgamynyň işinde näsazlyk döredi

“Google” ulgamynyň işinde näsazlyk döredi

Meşhur internet ulgamlaryň işindäki päsgelçilikleri we togtamalary yzarlaýan “Downdetector” saýtynyň habaryna görä, düýn dürli ýurtlarda Google gözeg saýtynda näsazlyklar bolup geçdi.

“Downdetectoryň” maglumatlaryna laýyklykda, bu barada nägilelikler, esasan, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Germaniýada, Ispaniýada, Niderlandlarda we Russiýada hasaba alyndy. Olarda saýtyň işleýşi, akkaunta girmek we ulgamda gözlegleri amala aşyrmak boýunça kynçylyklardan nägilelik bildirilýär.

Google öz gözleg ulgamy bilen birlikde Alphabet holding kompaniýasyna girýär, Alphabet şeýle-de özüne Android we Youtube, Google Life Sciences, Calico, Sidewalk Labs, Nest, Google Ventures, Google Capital we Google X ulgamlaryny birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Alphabet emeli aňyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy
Uly girdeji gazandy
Apple kapitallaşmasy 3 trillion dollardan geçýän ilkinji kompaniýa boldy
Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi