Mark Sukerberg ýylyň başyndan bäri $71 mlrd ýitirdi

Mark Sukerberg ýylyň başyndan bäri $71 mlrd ýitirdi

Meta kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy ýylyň başyndan bäri tas iki esse - $71 mlrd azaldy diýip, Bloomberg habar berýär. Bu agentlik tarapyndan düzülýän milliarderleriň indeksinde iň uly pese gaçyşdyr diýip, incsrussia.ru belleýär.

2022-nji ýylyň birinji ýanwarynda Sukerberg reýtingde altynjy orny eýeleýärdi. 16-njy sentýabra çenli ýagdaýa görä, ol 14 orun aşak düşdi we häzir $55,9 mlrd bilen 20-nji orny eýeleýär.

Bu Sukerbergiň 2014-nji ýyldan bäri iň pes görkezijisi. 2020-nji ýylda onuň baýlygy 106 mlrd dollara barabardy, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa iň ýokary derejä 142 mlrd dollara ýetdi.

Oktýabr aýynda Sukerberg Meta-ny hödürledi. Şondan soň onuň baýlygy azalyp başlady.Fewral aýynda Facebook aýlyk ulanyjylarynyň sanyny artdyryp bilmedi.Bu hem kompaniýanyň paýnamalary üçin bahalaryň pese gaçmagyna getirdi, Sukerbergiň baýlygy bolsa $31 mlrd azaldy.

Bu taryhda iň uly pese gaçyşlaryň biridir.Meseleleriň ýene biri hökmünde Bloomberg-iň analitikleri Instagram-yň Reels-e bil baglamagyny belleýärler.Olar mahabatdan az girdeji getirýär.Dünýäniň tehnologiýa liderleriniň (Facebook, Amazon, Apple, Netflix, Google) arasynda iň ýaramaz ýagdaý Netflix-de görülýär.

Kompaniýanyň paýnamalary 2022-nji ýylda 60% pese gaçdy.Onuň yzyndan Meta gelýär pese gaçyş 57%.Alphabet 29%, Amazon 26%, Apple 14% pese gaçyşy görkezdi.

Ýene degişli makalalar

“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Apple Hindistanda zawod gurar
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer