Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek

Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek

Tehnologiýa dünýäsiniň özgertmeleriň iň tankydy ösüşleriniň başdan geçirilýän ugurlarynyň bir hem emeli intellektdir. Işleriň gutarnykly maksady bolsa adamlaryň hakyky pikirlerine we duýgularyna göz ýetirmek we olary ugrukdyrmak.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda bolsa “Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerini we duýgularyny gözegçilik etmek” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Tehnologiýanyň özgermegi bilen, esasan hem sosial medianyň ýaýbaňlanmagy bilen ädimme-ädim gözegçilik etmäge öwrenişdik.

Iň gizlin maglumatlarymyzyň maglumatlar bazasynda ýygnalmagy indi adaty hereket ýaly görünmäge başlandy.

Bizde galan ýeke täk zat bolsa pikirlerimizdi we duýgularymyzdy, emma indi mundan beýläk olar hem howpsuzlyk astynda däl. Sebäbi nobatda ähli şol zatlaryň öwrenilmegi bar.

Emeli intellekt ony nähili ýagdaýda amala aşyrmagy meýilleşdirýär?

Beden dili, ýüz myşsalary, göreçleriň hereketleri, ses titremesi, hat-da gormon sekresiýalary.

Emeli intellekt ugrunda iş alyp barýan kärhanalar, ähli bu zatlary mikro derejesinde gözden geçirip, pikirleriň we duýgularyň proeksiýasyna ýetmäge synanyşýar.

Bu proses nähili işleýär?

Uly ylmy işgär Ilke Demir, emeli intellektiň duýgulary seljerme ugrunda edilýän işler barada, duýgulara göz ýetirilmegi üçin köp sanda tapawutly tehniki usulyň ulanylýandygyny aýtdy we olaryň giňden ulanylýan "Facial Action Units" tehnikasydygyny aýan etdi.

Duýgular enjam öwrenmek arkaly kesgitlenilýär

Duýgularyň seljerilmeginde ulanylýan ýene-de bir usul bolsa çuň tor diýip atlandyrylýan enjam öwrenmek arkaly amala aşyrylýar.

Çuň torda bagt, gahar, gynanç, gorky ýaly duýgularyň görnüşleri bar we şol görnüşler bellik edilýär. Hiç bir adam täsiri bolmadan şol şekiller çuň tora geçirilýär we enjam öwrünmek bilen çuň tor ony öwrenmäge başlaýar.

Şol çuňňur emeli torlar suratlar bilen duýgularyň korrelýasiýasyny saljerip, duýgulara göz ýetirip bilýär.

Ulgamyň geljekde döredip biljek töwekgelçilikleri

Şol ulgamlar häzirki wagtda käbir ylmy-barlag kärhanalaryň we halkara kärhanalaryň işgärler bölümi tarapyndan ulanylýar.

Işe kabul edişlerde dogry işgäri tampak, hakykaty ýüze çykarmak ýa-da jenaýatçylary anyklamak ýaly jemgyýete peýda getirjek maksatlaryň üstünde durulyp geçilýär. Emma uly sorag belgileri hem bar.

Ilkinji kelläňe gelýän zat bolsa ulanyljak ýerleri, elhenç ssenariýalary öz düzüminde jemleýär. Duýgularyňyza göz ýetirip bilýän bir ulgam, sizi bir önümi ýa-da hyzmaty aňsatlyk bilen satyn almaga ynandyryp biler.

Syýasy taýdan duýgularymyzyň üsti bilen has ýeňil ýagdaýda manipulýasiýa sezewar galyp bileris. Ulgamy ulananlaryň nyşana aljak jemgyýetlerde ýa-da ýurtlarda, uly köpçülikleýin wakalary başlatmak has ýeňil ýagdaýa gelip biler.

Duýgularyň ýa-da pikirleriň ýalňyş ýagdaýda kesgitlenmek ähtimallygy hem bar. Onuň netijesinde bolsa adam hukuklarynyň düzgün bozmalary hem bolup biler.

Täze psihologlarymyz emeli intellektler bolarmy?

Emeli intellekt bir tarapdan duýgularymyzy göz ýetirmäge dowam edýärkä, beýleki bir tarapdan bolsa olary bejermäga, ýagny täze psihologlarymyz bolmak ugrunda dalaşgärdirler.

Psihiatriýa we bioinženerçilik uğrunda iş alyp barýan alymlar, sanly fenotip diýip atlandyrylýan bir ulgam ulanyp, keselli adamlary derňemäge başlady.

Şol işiň çäginde öýjükli telefonlar ýaly şahsy ejmalarymyzy nähili ulanýandygymyz, sahypalary geçirmek tizligimiz ýaly maglumatlaryň depressiýanyň diagnozynda we bejergisinde ulanylyp bilinjekdigi öňe sürülýär.

Adamyň aň-düşünjesi bilen bagly syrlaryň emeli intellekt tarapyndan göz ýetirilmegine garaşylýar, emma onuň netijesiniň nähili boljakdygyny wagt görkezer.

Habar çeşmesi: TRT Haber

Eziz ildeşler “Tehnologiýa dünýäsiniň özgertmeleriň iň tankydy ösüşleriniň başdan geçirilýän ugurlarynyň bir hem emeli intellektdir. Işleriň gutarnykly maksady bolsa adamlaryň hakyky pikirlerine we duýgularyna göz ýetirmek we olary ugrukdyrmak” atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Hünärmenleriň pikiriçe, emeli intellekt düýpli üýtgeşmelere sebäp bolar
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
"TRT World Forum 2023" başlaýar
Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy