Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa

Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa

Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly temperatura bilen bagly ylmy-iş çap edildi.

Howanyň temperaturasynyň möwsümleýin kadalardan ýokary çykan we takmynan 39 gradusdan geçen adaty bolmadyk ýylylyk tolkunynda howanyň üýtgemeginiň paýy 2 gradus hökmünde ölçenildi.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly temperatura bilen bagly ylmy-iş çap edildi atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Antarktida materiginde 2022-nji ýylyň mart aýynda başdan geçirilen we sebitdäki ylym işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly temperatura tolkuny bilen baglanşykly geçirilen ylmy barlaglar, hasaba alynan iň adaty bolmadyk ýylylyk tolkunynda howanyň üýtgemeginiň az rol oýnaýandygyny ýüze çykardy.

ABŞ-da geçirilen we netijesi AGU žurnalynda çap edilen ylmy derňewde Antarktidanyň Konkordia bekedinde 2022-nji ýylyň 18-nji martynda howanyň ýylylygynyň nol gradusdan aşak, has takygy 11,5 gradusa çenli ýokarlamagyna sebäp bolan adaty bolmadyk ýylylyk tolkunynyň sebäpleri ele alyndy.

Ylmy-derňew möwsüm kadalaryndan, takmynan nol gradusdan aşak, ýagny 49 gradus bolan sebitde käbir ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolan ýyly howa tolkunynda, howanyň çalşygynyň täsiriniň azdygyny görkezdi, esasy sebäbiniň sebitiň tebigy üýtgeýşidigini ýüze çykardy.

Aradaky tapawudyň ölçelmegi üçin simulýasiýa döreden ylmy-işgärler, howanyň çalşygynyň täsiriniň diňe 2 gradus töwereginde amala aşandygyny kesgitlediler, ady agzalan ýyly howa tolkunynyň Awstraliýadan gyzgyn we çygly howa getiren adatdan daşary bir howa ýagdaýyndan gözbaş alýandygyny habar berdiler.

Howanyň üýtgemeginiň takyk roly henizem derňelýär

Bu ylmy iş gyzgyn atmosferanyň gyzgynlygyň artmagynda uly rol oýnamaýandygyny öňe sürsede, howanyň üýtgemeginiň takyk roly henizem derňelýär.

Alymlar howanyň çalşygynyň gyzgyn howa tolkunynyň materige getiren adaty bolmadyk ýeliň täsiri ýaly, nusgalaryň synagdan geçirmedik başga bir täsiriniň hem mümkindigini çak edýärler.

Habar çeşmesi: TRT Haber.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Antarktidada ylmy işgärleriň ýyly egin-eşik geýmeklerine sebäp bolýan ýyly temperatura bilen bagly ylmy-iş çap edildi atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse artdyrylmagy gözýetimde görünýär
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek