Dakkada bazarda dörän ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy

Dakkada bazarda dörän ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy

Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky bazarda ýangyn döredi, netijede, 100-den gowrak dükan ýandy diýip, Habar 24 ýazýar. Ýangynyň ir säherde, heniz bazar işläp başlamanka ýüze çykandygy sebäpli, pida bolanlardyr ejir çekenler ýok.

Halas edijilere ýangyny söndürmek üçin 6 sagat gerek boldy. Ýangyna elektrik üpjünçiliginde dörän näsazlyk sebäp boldy.

Bangladeşde işewürlik merkezlerinde howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilmeýändig sebäpli ýangyn häli-şindi döreýär diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Kuweýde dron hüjümini gurady
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär
Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagyndan adamlar 'demigýär', elektrik transformatorlary ýanýar
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy
Russiýa Ukraina degişli 376 drony urup düşürendigini mälim etdi
Alžirde ýetimhanada bolan ýangynda 11 adam ýogaldy