Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy

Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy

RTWE teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ispaniýanyň günortasynda ýerleşýän Andalusiýa sebitiniň Almeria welaýatynyň Los Gallardos etrabynda penşenbe güni başlan tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy.

Gözleg we halas ediş toparlary gurbanlaryň bir böleginin goňşy Bedar etrapçasynyň kiçi ilatly ýerinde, bir böleginiň bolsa alawlaryň arasynda galan ulaglaryň içinde tapylandygyny habar berdi.

Andalusiýanyň Saglygy goraýyşdan we Adatdan daşary ýagdaýlardan jogapkär ministriň wekili Antoniu Sanz, ýangyny sebitde şu günkü güne çenli uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýangyn hökmünde häsiýetlendirdi we wakany “deňi taýy görülmedik pajyga” hökmünde kesgitledi.

Ispaniýanyň harby goşuny hem ýangyna garşy göreşe goldaw berýär.

Mesele hakynda berlen beýannamada ýangyna garşy göreşe 150 adamlyk harby toparyň goldaw berýändigi nygtaldy.

Ýangyn we tüsse sebäpli welaýatdaky ýollar gatnawa ýapyldy.

Malaga welaýatynda başlan tokaý ýangyny sebäpli 1000 adam başga ýere göçürildi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär