Daniýa Gurhana edilýän hüjümlere garşy çäre görmäge taýýarlanýar

Daniýa Gurhana edilýän hüjümlere garşy çäre görmäge taýýarlanýar

Daniýanyň hökümeti ýurtdaky medeni we dini esaslara edilýän hüjümlere garşy çäre görmegiň ýollarynyň derňeljekdigini habar berdi.

Daniýanyň hökümetinden berilen ýazmaça beýanatda, ýurtda Gurhana garşy edilýän hüjümleriň, Daniýa zyýan ýetirýän ölçeglerdedigi mälim edildi.

Gurhanyň ýakylmagy sebäpli 15 ýurduň Daniýany ýazgarandygy habar berildi.

Beýanatda aksiýalary amala aşyranlaryň Daniýanyň jemgyýetine wekilçilik etmeýändigine we şol hereketleriň ekstremist tarapdarlara peýda getirýändigine ünsler çekildi.

Daniýanyň hökümeti ýurtdaky medeni we dini esaslara edilýän hüjümlere garşy çäre görmegiň ýollarynyň derňeljekdigini habar berdi.

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson hem soňky hepdelerde hem ýurdunda hem-de Daniýada artan Gurhan ýakmak aksiýalaryna garşy Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen bilen duşuşyk geçirendigini we Daniýa bilen ýakyn diýalog içindediklerini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Balkanda metjitlerde çagalara dini bilim bermezlik talap edilýär
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň we Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
Ertir Gadyr Gijesi
Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Britaniýada türki dildäki ilkinji Gurhan tapyldy