Daragt halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy

Daragt halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-24-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň iň uly kino forumy Listapad atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli Daragt filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.

24-nji noýabrda bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada Türkmenistana wekilçilik eden Daragt filmi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Serhetsiz kino atly nominasiýasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy.

Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky ýörite baýraklary GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow gowşurdy.

Listapad atly XXIX Minsk halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynda çykyş eden Leonid Anfimow kinofestiwala hödürlenen filmleriň kino forumyň Geljegi gurýarys şygaryny doly açyp görkezýändigini belledi.

Şeýle hem ol GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň öňünde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hödürlän filmlerinden iň gowularyny saýlap almak ýaly ýeňil bolmadyk wezipäniň goýlandygyny belläp, iki sany gowy kino işini saýlap alandyklaryny belledi.

Anfimowyň belleýşi ýaly, Daragt çeper filmi söýgi, wepalylyk, umyt we umumy taryhymyz hakda hekaýalary özünde jemleýär.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bu filmiň islendik adam üçin möhüm bolan ahlak gymmatlyklary özünde jemleýändigini belläp, onuň Serhetsiz kino baýragyna mynasypdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Listapad atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly bir hepdäniň dowamynda Belarusyň dürli şäherlerinde geçirildi. Oňa üstümizdäki ýylda 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlendi.

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň Daragt filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar.

Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalyna gatnaşýar
Türkmen kinorežissýory TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Kinorežissýor Sahysalyh Baýramow halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy
Türkmen wekiliýeti Gorkut ata türki dünýäsiniň III kinofestiwalyna gatnaşar
Türkmen kinolary Gorkut ata film festiwalynda görkeziler
Türkmenistan Gorkut ata kinofestiwalyna gatnaşar