Türkmen kinorežissýory TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

29-njy sentýabr 2-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda Ýüpek ýolunyň merjeni XV Daşkent kinofestiwaly geçirildi.Oňa Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň wekiliýeti hem gatnaşdy.Bu möhüm sungat forumynyň çäklerinde köp sanly medeni çäreler, filmleriň görkeziliş dabaralary geçirildi. Şol sanda türkmen kinorežissýorlarynyň surata düşen filmleri hem özbek hem-de bu festiwala gatnaşmak üçin gelen halkara derejesindäki sungat ussatlaryna görkezildi. Şeýle hem bu kinofestiwalyň çäklerinde birnäçe bäsleşik guraldy.

Halkara festiwalyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan hem ýörite baýrak goýuldy.Bu baýraga Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren, şeýle hem ýurdumyzda hem uly gyzyklanma döreden “Daragt” filmi TÜRKSOÝ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Daşkent festiwalynyň çäklerinde TÜRKSOÝ guramasynyň wekilleri bu baýragy kinorežissýor Sahysalyh Baýramowa dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Daşkent halkara film festiwaly 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýylda geçirildi. 2021-nji ýylda bolsa, şol däbi dowam etdirmek maksady bilen Ýüpek ýolunyň merjeni ady bilen gaýtadan ýola goýuldy. Festiwalyň ýeňijilerine şahadatnama, heýkel we pul baýragy gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKSOÝ-nyň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolmagy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi