8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda Gyrgyzystanyň halkyna doganlyk kömegini iberdi, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti Cisco Live 2024 halkara forumyna gatnaşýar, Arkadag Antalýadaky türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer we beýleki habarlar

Türkmenistan 1. Doganlyk Türkmenistanyň ýolbaşçylygy tarapyndan berlen dessin ýardam, şeýle hem Türkmengaz DK-nyň hünärmenleriniň, demirýol işgärleriniň we beýleki gulluklaryň netijeli işlemekleri Bişkekdäki baş ýylylyk elektrik stansiýasynda ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýyň çözülmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň ilçisi Azizbek Madmarow Aşgabatda geçirilen brifingde belledi.

2.Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti maglumat tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýäniň iň iri IT kompaniýalarynyň biri bolan Cisco Systems tarapyndan her ýylda Niderlandlarda geçirilýän Cisco Live 2024 halkara forumyna gatnaşýar.

Türkmen hünärmenleri döwrebap tehnologiýalar boýunça seminarlara we okuwlara gatnaşýarlar, şeýle hem maslahat we tejribe alyşmak üçin halkara derejeli bilermenler bilen duşuşýarlar. 3.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda Parahatçylyk medeniýeti ýaşlaryň gözi bilen atly surat çekmek bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guralýar.Bäsleşige 1-11-nj synp mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, agzalan tema boýunça A3/A4 formatda çekilen suratlary 15-nji fewrala çenli ýokary okuw mekdebine tabşyrmaly. 4.

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ halkara guramasyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşyk geçirdi.Taraplar Türkmenistanda we TÜRKSOÝ guramasynyň ähli agza döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň toplumy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, Änew şäheriniň medeni ähmiýetini dürli halkara guramalarynda açyp görkezmek göz öňünde tutulýar.

Dünýäde

5. 2023-nji ýyl Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy üçin aýratyn üstünlikli ýyl boldy.Dünýä syýahatçylygynda öňdebaryjylaryň biri bolan ýurt 56,7 million daşary ýurtly myhmany kabul etdi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 10% köpdür.

Deňziň kenaryndaky dynç alyş merkezlerinden başga-da, Türkiýe medeni syýahatçylyk, sungat syýahatçylygy, konsert gezelençleri, welosiped ugurlary we zyýaratçylyk üçin meşhur ýer hökmünde özüni tanatdy. Ýurt 2024-nji ýylda 60 million syýahatçyny özüne çekmegi meýilleşdirýär. 6. 2023-nji ýylyň güýzünde Nýu-Ýorkuň meşhur Taýms Skwer meýdançasynyň metro stansiýasynda işe girizilen robot-polisiýa K5 ynamy ödäp bilmedi. Şäheriň häkimi Erik Adamsyň oňyn pikirlerine garamazdan, enjam Nýu-Ýorkuň metrosynda işläp bilmedi. 181 kilogramlyk ägirt uly robot diňe bir ýolagçylarda ynamsyzlyk döretmän, eýsem, ýönekeý wezipeleri hem ýerine ýetirip bilmedi.

K5 basgançakdan özbaşdak çykyp bilmeýär we birnäçe polisiýa işgäri hemişe oňa gözegçilik edýärdiler.Netijede, bary-ýogy 4 aý işlänsoň, K5 işinden boşadyldy we goş goýulýan ammarda ýerleşdirildi, bu bolsa onuň öňki kärdeşlerinde şatlyk duýgusyny döretdi.

Sport habarlary 7. Şu gün Arkadag topary Türkiýäniň Antalýa şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.Wladimir Baýramowyň toparynyň indiki garşydaşy Ukrainanyň Şahtýor topary bolar.Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar.

Oýun Şahtýor toparynyň resmi YouTube kanalynda göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler. 8.Täjigistanda geçirilýän zenanlaryň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda ilkinji ýeňşi Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň futzalçylary gazandylar.

Olar üçünji tapgyrda täjigistanly garşydaşlaryndan 4:1 hasabynda üstün çykdylar.Iki gol salan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Mariýa Çaryýewa duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. 9.Kataryň milli ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogynyň ýarym finalynda Eýranyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. 10-njy fewralda geçiriljek finalda Katar Iordaniýanyň topary bilen oýnar.

Ýene degişli makalalar

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşgabatda Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň merkezi atly metbugat maslahaty geçiriler
Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly bäsleşik geçirilýär
Türk dünýäsi we Türkmenistan ýaş suratkeşleriň gözi bilen atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar