Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar

Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga gelip, Aşgabadyň Türki döwletler guramasyna agza bolmak ähtimallygyny ýaňzytdy.

“Türkmenportal” neşiriniň "Watan" habarlar programmasyna salgylanyp ýazmagyna görä, öňki prezident “TÜRKSOÝ” halkara žurnalynyň baş redaktorynyň “... ýurduňyz haçan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolar?” diýen soragyna “Biz bitarap ýurt. Türki döwletlerde Türkmenistan synçy bolsa, ol gelişmeýärem” diýip jogap beripdir.

Ikinji tarapdan, ol Aşgabadyň bu guramanyň doly agzasy bolmak hukugynyň diňe türkmen hökümetine bagly däldigini öňe sürüpdir.

“Hemmäňiz Oguzdan gaýdyp, Seljuga çenli geldiňiz, araňyzda türkmen ýok, dogrumy?! Onuň üçin, bärde biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinden gaýdyp, şonuň esasynda, ilki synçy hökmünde, a soň hem doly agzasy bolmaga hukugymyz bize bagly däl! Biz bitarap ýurt bolanymyz üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinden, düzgün-tertibinden hem kadasyndan çykmaga hakymyz ýok” neşir Berdimuhamdowyň sözlerini sitirleýär.

Mundan başga, Berdimuhamedow şu ýyl Aşgabadyň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, tä ýylyň soňuna çenli toý toýlajakdygyny aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, oktýabr aýynyň 11-inde geçiriljek uly sammite Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem gatnaşar.

“Belkäm, nesip bolsa, şol sammitde biz agza bolaýmagymyzam mümkindir” diýip, halk maslahatynyň başlygy Aşgabadyň ahyrynda Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmak ähtimallygyny gytaklaýyn tassyk edipdir.

Türkmen metbugat bu mesele boýunça goşmaça maglumat ýa düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler