Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär

Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyşyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine jogapkär orunbasary Mährijemal Mämmedowa penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda dabaralar geçiriler. 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Mährijemal Mämmedowa 18-nji maýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralaryň, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, mejlisde 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara serginiň, 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň geçiriljekdigi habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralary, maý aýynda boljak beýleki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Maý aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy
TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda Ependi hakynda çeper film surata düşüriler
Türk dünýäsi we Türkmenistan ýaş suratkeşleriň gözi bilen atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar