Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri Andreý Gorçakow, Katerina Krawçuk we Olga Krawçuk dagy bilen duşuşyk geçirildi.

Ukrainanyň “Bilim” jemgyýeti 1948-nji ýylda esaslandyrylyp, bu jemgyýet Ukrainada ylmy, bilimi we medeniýeti ýaýbaňlandyrmak babatda özüniň köp ýyllyk tejribesi bilen iň uly jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

A.Gorçakow jemgyýetiň düzüminde hususy uniwersitetiň hereket edýändigini, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dürli ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň berilýändigini, hem-de onuň ýokary bilim hakyndaky diplomynyň dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan ykrar edilýändigini belledi. Şeýle hem türkmen talyplary tarapyndan gyzyklanma bolan ýagdaýynda, olary talyplygyň hataryna kabul etmäge taýýardygyny yglan etdi.

Medeni ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen dürli derejedäki çäreleri guramaga, sergileri we medeni hepdelikleri geçirmäge taýýardygyny yglan etdi.

Ilçi T.Ataýew öz gezeginde ylym, bilim we medeniýet ugurlary Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydygy aýdyp, bu ugurlarda Ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işler barada maglumatlary ýetirdi.

Has takygy, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň Ukrainada we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýändigi aýdyldy.Bularyň çäklerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilendigini we 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellendi
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär