Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi

Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi

Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäheriniň döwlet teatrynyň döredijilik topary XVII asyryň lirik şahyry Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda çykyş etdi.

Sahna oýnunyň görkezilişi Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäginde bolup geçdi.

Türkmenistan: Altyn asyr neşiriniň ýazmagyna görä, şahyryň terjimehaly hakynda maglumat az, ýöne edebiýatşynaslaryň esasy pikirine görä, ol ýaşlygynda söýgülisini elden gidiripdir we bütin ömrüni onuň gözlegine sarp edipdir.

Spektaklda türk aktýorlarynyň ussatlygy äşgär ýüze çykdy. Şeýle-de sahnalaşdyrmagyň döwrebap tilsimleri ulanyldy. Esasan hem, baş gahrymanyň janly ýerine ýetiren aýdymlary sahna oýnuna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Sahna oýny ýygnanalarda uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar oýny döredijilere aýak üstünde el çarpdylar diýip, çeşme ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Galatasaraý, Demir Grup Siwasspordan Ýeňildi
Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm…
Türkmenistanly zenan Türkiýäniň telewideniýe bäsleşigine gatnaşyp, türkmen tagamlaryny taýýarlady
Spor Toto Super Ligasynyň 20-nji hepdesi tamamlandy
Spor Toto Super Ligasynyň 21-nji hepdesi şu gün geçiriljek duşuşyk bilen başlar
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy