ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

ÝB, Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli Russiýa goýan ykdysady sanksiýalarynyň möhlediniň ýene-de 6 aý uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.

ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, Russiýanyň ykdysadyýetini nyşana alýan sanksiýalaryň möhlediniň 2022-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli uzadylandygy nygtaldy.

Uzadylan ykdysady sanksiýalar sebäpli ÝB-ne agza ýurtlar Russiýa ýarag satyp bilmeýär.

Sanksiýalar, Russiýanyň nebit-gaz pudagynda ulanylýan käbir tehniki enjamlaryň ÝB-ne agza ýurtlardan satyn alynmagyny hem çäklendirýär.

Sanksiýalaryň möhledi 6 aýdan bir gezek uzadylýar.

Russiýa 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtanomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksirläpdi. Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenmeginden we Ukrainanyň gündogarynda ýüze çykan wakalardan soň, ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa garşy ykdysady taýdan sanksiýa goýupdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasynda Ukraina degişli 150 drony hatardan çykardy
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Türkiye Krymdaky ýagdaýy ykrar etmeýändigini habar berdi
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Ukraina, Kryma Raketa Hüjümini Gurady
Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň möhledini uzatdy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi