Russiýa Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasynda Ukraina degişli 150 drony hatardan çykardy

Russiýa Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasynda Ukraina degişli 150 drony hatardan çykardy

Russiýanyň Goranmak ministrligi sişenbe güni metbugata beren beýannamasynda, Ukrainanyň Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasynda dron hüjümlerini artdyrandygyny mälim etdi.

Beýannamada Russiýanyň düýn gije Ukraina degişli 150-den gowrak drony yzyna serpikdirendigi nygtaldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Düýn gije howa güýçleri Russiýada Gara deňiz bilen Azow deňizinde Ukraina degişli 151 drony hatardan çykardy” diýildi.

Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymyň Siwastopol şäheriniň häkimi Mihail Razwozhaýew, soňky döwürde dron hüjümleriniň artandygyny we onlarça dronyň urlup düşürlendigini aýtdy.

Razwozhaýew Telegramdan beren harnamasynda “Gynansakda hüjümde ýaralananlar bar. Gelip gowşan ilkinji maglumatlara görä 1 çaga ýaralandy” diýdi.

Ak Tamyň töwellaçylyk etmeginde ozal iki gezek geçirlen gepleşikde hiç hili öňe gidişlik edilmedi. Taraplar şu gün ABŞ-nyň goldaw bermeginde täze gepleşik tapgyryna başlar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Galatasaraý, Demir Grup Siwasspordan Ýeňildi
Türk mediasyna syn. Ýenede ýasama spirtli içgi, ýenede ölüm…
Türkmenistanly zenan Türkiýäniň telewideniýe bäsleşigine gatnaşyp, türkmen tagamlaryny taýýarlady
Spor Toto Super Ligasynyň 20-nji hepdesi tamamlandy
Spor Toto Super Ligasynyň 21-nji hepdesi şu gün geçiriljek duşuşyk bilen başlar