Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, onuň barşynda çykyş etdi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, çykyşyndan soňra, türkiýeli žurnalistler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasynyň TRT World teleýaýlymynyň habarçysynyň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky; Türkiýäniň Anadoly habarlar agentliginiň habarçysynyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi baradaky; şeýle-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) TÜRKSOÝ atly halkara žurnalynyň baş redaktorynyň sowallaryna jogap berdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň TÜRKSOÝ halkara žurnalynyň baş redaktorynyň: Siziň pikiriňizçe, ýurduňyz haçan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolar? diýen sowalyna beren jogabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ajaýyp ýyllaryň biridigini, onuň Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli beýik şahyra bagyşlanyp atlandyrylandygyny, şonuň üçin tä ýylyň soňuna çenli Türkmenistanyň toý toýlajakdygyny, oktýabr aýynyň 11-ine bolsa uly sammitiň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow soňra Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem şol sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigini aýdyp:

Ýene degişli makalalar

Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler