Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar

Resmi sapar bilen Kataryň paýtagty Doha giden Daşary işler ministri Hakan Fidan saparynyň çäginde Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamad Al Sani tarapyndan kabul edildi.

Hakan Fidanyň resmi saparynyň çäginde Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirlen Ýokary derejeli strategik komitetiň maslahaty üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Geçiriljek gepleşiklerde halkara energiýa we söwda ýollary taýdan uly ähmiýete eýe bolan Ormuz bogazynda gämi gatnawynyň gaýtadan başlamagy meselesi hem gün tertibine getirler. Bu ýagdaýyň hem sebitara howpsuzlyk hem-de ykdysady durnuklylyk taýdan möhümdigine üns çekiler.

Türkiýe bilen Kataryň Aýlag sebitindäki dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallasynyň sebitara durnuklylyk we ykdysady utgaşyklyk taýdan möhümdigi nygtalar.

Dohada geçiriljek gepleşiklerde Gazanyň we Liwanyň başda durmagynda sebitde başdan geçirilýän wakalar hem seljerler. Ysraýylyň parahatçylyk etabyny bökdeýän tutumyna garşy sebit ýurtlarynyň birlikde hereket etmeginiň möhümdigi nygtalar.

Daşary işler ministri Hakan Fidan düýn hem Kataryň Döwlet ministri we Wise-premýeri Şyh Suud bin Abdurrahman bin Hassan al Sani bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Fidan eýranly we katarly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran arasyndaky ýaraşygy maslahatlaşdylar
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Daşary işler ministri Fidan: ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ylalaşykdan hoşaldyrys
Türkiye we Pakistan Eýrana garşy urşy bes etmek bilen bagly tagallalary maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Türkiýäniň Baş diplomatlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler