Daşary işler ministri Fidan: ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ylalaşykdan hoşaldyrys

Daşary işler ministri Fidan: ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ylalaşykdan hoşaldyrys

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan sosial media hasabyndan ABŞ-Eýran ylalaşygy barada beýanat berdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan: "ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky urşy bes etmek üçin gazanylan ylalaşykdan hoşaldyrys” diýip belledi.

Hakan Fidan: “Bu ylalaşyk sebitde dowamly parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmakda möhüm ädim bolup durýar.Goşmaça gepleşikleriňem konstruktiw ýagdaýda dowam etmegine umyt bildirýäris.Bu möhüm ädimi amala aşyran taraplary, şeýle hem araçylyk roluny öz üstüne alan Pakistan we Katar başda bolmak bilen bu tapgyra goşant goşan beýleki ýurtlary gutlaýarys.

Gazanylan ylalaşygy bozmak synanyşyklarynyň öňüni almak we sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak üçin ähli degişli ýurtlaryň paýhasly we jogapkärli çemeleşmegi örän möhümdir.Türkiye hökmünde, Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biz bu tapgyra iň başyndan bäri uly goldaw berdik we tagalla etdik.

Sebitimizde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin berýän goldawymyz üznüksiz dowam eder” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar
Hakan Fidan TDG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatyna gatnaşar
Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Siriýanyň Daşary işler ministri Şeýbani Türkiyä sapar gurar
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy