Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Yrak döwletine sapar gurady

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Yrak döwletine sapar gurady

Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde saparda bolan Ahmet Ýyldyz yrakly resmiler bilen duşuşyklar geçirendigini mälim etdi.

Galkynyş Ýoly taslamasynyň ähmiýetiniň üstünde durup geçen Ahmet Ýyldyz: "Türkiyäniň we Yragyň üstaşyr geçjek Galkynyş ýoly taslamasy uly zerurlygy kanagatlandyrar.Türkiye uly ykdysadyýetdir we Ýewropa bilen goňşydyr.Yrak hem ozal uly ykdysadyýete eýedi, nesip bolsa ýaňadandan şolar ýaly bolar. Ýurtlaryň ikisi hem örän islegli we amala aşyrylan ýagdaýynda çykdajysy bilen deňeşdirip bolmajak derejede peýda getirjekdigini pikir edýäris" diýip habar berdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aprel aýynda Yrak döwletine sapar gurajakdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Erdogana Yraga Resmi Sapara Gider
Türkiýe Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyny Goldaýar