Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr bir ýyldan soň Türkiýedäki adamsy bilen birleşdi

Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr bir ýyldan soň Türkiýedäki adamsy bilen birleşdi

Türkmen zenany Zülfiýa Kajyr we gyzy bir ýyla golaý wagtdan soň Türkmenistany terk etdiler. Zenan çagasy bilen bilelikde Türkiýede gaýdyp bildi. Aýaly bilen howa menzilinde duşuşýan pursadyny Zulfiýanyň adamsy Ahmed Sefa Kajyr 15-nji iýulda TikTok-da çap etdi.

Pasportyny täzelemek üçin oz çagasy bilen Türkmenistana baran zenan bir ýyllap ýurtdan çykarylmandy.

Birnäçe ýyllap Stambulda ýaşaýan Zulfiýa Kajyr 2024-nji ýylyň iýul aýynda watanyna - Türkmenistana pasportyny çalyşmak üçin barypdy. Dokumenti taýýar bolansoň Stambula uçmakçy bolan zenana Aşgabadyň halkara aeroportunda sebäbi düşündirilmezden ýurtdan çykmaga rugsat berilmändi. Zulfiýany migrasiýa gullugyna ýüz tutanda oňa Türkmenistandan çykyp bilmejekdigi aýdylyp, sebäbi düşündirilmändir.

Iýun aýynda Zülfiýa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa kömek sorap ýüzlendi.

Öz wideo ýüzlenmesinde zenan autizm we içegesindäki hassalykdan ejir çekýän alty ýaşly gyzy bilen Aşgabatda galýandygyny, keselbent çaganyň ýörite iýmite we dowamly lukmançylyk gözegçiligine mätäçdigini aýdypdy. Şeýle-de, ol ýurduň dürli edaralaryna eden ýüzlenmeleriniň netije bermändigini gürrüň beripdi.

Ahmet Sefa Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleri we Türkmenistanyň Ankaradaky hem-de Aşgabatdaky ilçihanalary bilen habarlaşandygyny, ýöne netije gazanyp bilmändigini gürrüň berdi.

"Biz sud işini açdyk, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bilen birlikde ähli häkimiýetler bilen habarlaşdym. Biz umytsyz ýagdaýa düşýäris. Gyzym bilen hiç hili mesele ýok, olar ony goýberýärler, ol türk raýaty, ýöne men bu ýerde çaga bilen ýeke özüm näme ederin? Ony ejesinden nädip aýryp bilerler?" diýip, Zulfiýanyň adamsy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Zulfiýa Kajyryň işi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň migrasiýa gullugy bilen habarlaşdy. Telefonda gürleşen migrasiýa resmisi düşündiriş bermekden ýüz öwürdi we zenanyň özüniň jaň etmelidigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri köp ýyl bäri raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny çäklendirýärler. Ozalky ýyllarda ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň sanawynda oppozisiýa garaýyşlaryny öňe süren, häkimiýetleri tankytlan raýatlar we olaryň garyndaşlary bardy, soňky ençeme ýyl bäri ýurtdan çykamakda kynçylyk çekýänleriň arasynda daşary ýurtlarda ýaşaýan, zähmet çekýän ýa-da okaýan raýatlar köp.

Şu ýylyň başyndan bäri Internetde ýurtdan çykarylmaýan raýatlara kömek sorap, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýüz tutýanlaryň çykyşlary köpeldi.

Ýanwardan bäri birnäçe türk raýaty Rejep Taýyp Erdogana we Serdar Berdimuhamedowa wideo arkaly ýüzlenip, Türkmenistanyň raýatlary bolan we ýurduna pasportyny çalyşmak üçin baran aýallaryny çykarmagy haýyş etdi.

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip, olaryň köpçülikleýin ýurtdan çykyp başlandygyny Azatlygyň çeşmeleri apreliň başynda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar
Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli
Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipra gidýän köpeldi
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy