Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Bild.de: Germaniýa koronawirusa garşy göreş maksady bilen Portugaliýa harbylary we lukmanlary ugradar.

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Moskwada kazyýet diňlenşigi: Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Spiegel.de: Rus koronawirus sanjymy Sputnik V-iň täsirlilik derejesi 91,6 göterim.

Le Parisien (Fransiýa): Kowid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, tomus aýynyň ahyryna çenli ähli fransuzlaryň sanjym etdirip biljekdigi barada söz berdi.

Le Monde (Fransiýa): Koronawirusyň Britaniýa görnüşi aladalandyrjak derejede mutasiýa sezewar bolýar.

France 24 (Fransiýa): Kowid-19: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Hytaýyň Uhan şäherindäki Wirusologiýa institutyna baryp gördüler.

Al Raýa (Katar): Ýewropa Bileleşigi Kosowa Iýerusalimde ilçihana açmazlyk barada duýduryş berdi. Arap ligasy ilçihanany açmak baradaky karary halkara hukugyň düzgün bozmasy hökmünde häsýetlendirip, ýazgardy.

Al Dastour (Iordaniýa): Dünýä derejesinde 2 aýyň içinde koronawirus epidemiýasyna garşy 100 million sanjym edildi.

Al Jazeera: Kadalaşma etabyndan soň Ysraýyl, Sudana maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada teklip hödürledi.

El Pais (Ispaniýa): Ýewropanyň Merkezi bankynyň berýän maglumatyna görä, Ispaniýa geçen ýyl başdan geçirilen ykdysady krizisiň hötdesinden gelmek üçin iň az pul çykdajy eden Ýewropa ýurdy boldy.

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň ençeme şäherinde Kowid-19 epidemiýasynyň öňüniň alynmagy üçin görülýän çäreler günsaýyn berkidilýär. Madrid, Malaga we Asturias şäherleri ýaly.

TASS Agentligi: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, günbatarly diplomatlaryň oppozisioner syýasatçy Alekseý Nawalnyýnyň Moskwada geçirilen kazyýet diňlenşigine tomaşa etmeklerini syýasy aksiýa hökmünde häsýetlendirdi.

Kommersant Gazedi: Russiýanyň Nýu-Ýork şäherindäki Baş konsullugynyň golaýynda Alekseý Nawalna goldaw berip geçirilen protestde gyzyl boýag zyňyldy. Baş konsullyk ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan diplomatik wekilhananyň howpsuzlygyny üpjün etmegini talap etdi.

Gazeta ru: Hytaý, koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym önümçiligi babatynda Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy
Hatibzadeh: Abu Akelanyň jaýlanyşyna edilen hüjüm Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezdi