Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

ard.de: Ýewropa Bileleşigi Kowid-19 sanjymlarynyň satuwlary bilen baglanşykly ylalaşygynyň düzgünini bozanlygy sebäpli AstraZeneka kärhanasyna garşy kazyýete ýüz tutdy.

Deutsche Welle: Parižde duşuşyk geçiren Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, koronawirus pandemiýasy sebäpli kyn bir zamanadan geçýän Ýewropanyň gyssagly ýagdaýda jebis bolmagy barada ýüzlenme berdiler.

zdf.de: Hindistanda koronawirusa ýolugýan adamlaryň sany eýýäm 5 gün bäri yzly-yzyna 300 müň adamdan geçýär.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Germaniýa: Rasist bir adamyň otlyda siriýaly ýaş oglana hüjüm etmegi, öýke-kinäniň döremegine sebäp boldy.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamede Saud Arabystanyna sapar guramaga çagyrdy.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Katar, Saud Arabystanynyň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň güýçlendirilmegini goldaýar.

Le Parisien: Fransiýada Kowid-19: Koronawirusyň Hindistanda ýüze çykan görnüşiniň öňüni almak üçin Fransiýa serhetlerinde gözegçilik işlerini artdyrdy.

Le Figaro: Fransiýa Hindistana kislorod önümçilik enjamlaryny ugradar.

Le Temps (Şweýsariýa): Hormatly dynç alyşa çykan harbylar, Prezident Emmanuel Makrona hat ýazyp, Fransiýada harby agdarlyşyk hyýallaryny täzeden alawlandyrdylar.

La Vanguardia (Ispaniýa): Kataloniýa sebiti mundan soň her 7 günde 1 gezek 400 müň bilen 450 müň aralygynda sanjym almagy meýilleşdirýär.

ABC (Ispaniýa): Peruly alymlar, Peru ýa-da Çili döwletinde ýüze çykandygy we beýleki ýurtlara ýaýrandygy çak edilýän koronawirusyň täze görnüşiniň üstünde işleýärler.

Prensa Latina (Kuba): Parlamentiň Derňew komissiýasy, Braziliýadaky koronawirus epidemiýasyna garşy Prezident Žair Bolsonarunyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň bolmagy ähtimal düzgün bozmalaryny derňemek üçin şu gün işe girişer.

RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Açyk asman ylalaşygyndan maý aýynyň ahyryna çenli çekiljekdigini habar berdi.

TASS: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Parižde geçiren duşuşygynda orta atylan meseleler barada gürrüň berdi.

Kommersant: Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy, 1-nji maýdan başlap koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan Sputnik V sanjymyny Hindistana eksport etmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder