Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Müňlerçe ysraýylly ýene-de Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny protest etdi.

Al-Kudus al-Arabi: Düýn Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Liwan serhediniň içinde gözleg we saplaýyş operasiýasyny geçirdi we birnäçe wagt soň ol ýerden çykdy.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Ysraýyl täze dogulan çagasynyň adyna Seyfü’l-Kudüs (Iýerusalimiň gylyjy) diýip dakanyndan soň bir iýerusalimlini tussag etdi.

As Gazedi (Ispaniýa): Basketbol: Anadoly Efes komandasynyň 2 ýyldyzy Barselonany örän höwes eden Ýewropa Liga Çempionlygyndan mahrum etdi.

La Tersera (Çili): BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Mişel Baçelet, Kolumbiýada protestler geçirilýän mahaly bolan adam pidalarynyň derňelmegi üçin garaşsyz bir komissiýanyň döredilmegini isledi.

El Tiempo (Kolumbiýa): Kolumbiýaly welosipedçi Egan Bernal, 2021 Italiýa tapgyrynda çempion boldy.

Tagesschau.de: Germaniýada koronawirusa ýolugýan adamlaryň sany rekord derejede azaldy.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada mugt we tiz koronawirus testini hödürleýän test merkezlerinde galplyk edilendigi ýüze çykdy.

Deutsche Welle: Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 2 günlük sapar bilen Gresiýa gitdi.

Le Monde: Ysraýylda Premýer ministr Binýamin Netanýahunyň wezipesi, ýaranlarynyň biriniň tarapyny üýtgetmegindan soň yranýar.

France 24: Beýik Britaniýada Premýer ministr Boris Jonson gizlin ýagdaýda toý etdi.

Le Figaro: Fransiýada Kowid-19 sanjymy kämillik ýaşyna ýeten her kim üçin açyldy.

Regnum agentligi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurdunyň halkara bank ulgamy SWIFT-den çykarylmak ähtimallygyna garşy taýarlyk görendigini habar berdi.

Kommersant gazedi: Belarussiýanyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý, 23-nji maýda Minsk şäherine gyssagly ýagdaýda gondurylan Ryanair howa ýollary kärhanasyna degişli uçarda NEKSTA Telegram kanalynyň esaslandyryjysy, žurnalist Roman Protasewiç bilen birlikde saklanan Russiýanyň raýaty Sofiýa Sapeganyň Belarussiýada kazyýetiň öňüne çykaryljakdygyny, emma döwlet baştutanynyň karary bilen Russiýa gaýtarylyp berilip bilinjekdigini hem mälim etdi.

RIA Nowosti: Orta Afrika Respublikasynda bolan partlamada Russiýanyň 3 raýaty ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Gersi Halewi Liwan serhedinde söweş mümkinçiliginiň "öňküsinden has ýokarydygyny" aýtdy
"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"
Braziliýa Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Baýden Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”