Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Jazeera: Ýapylan ýollar we ýanan tekerler... Liwanda erbetleşen ýaşaýyş standartlaryna garşy protestler dowam edýär.

Al-Kudus Al-Arabi: (Kovid-19): ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy: "Resmi Waşington BAE-ne syýahat etmezligi maslahat berýär" diýip habar berdi.

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýakyn wagtda Ysraýylyň täze Premýer ministri Naftali Bennetti kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

Al-Dustour (Iordaniýa): Hindistandaky koronawirus epidemiýasynyň täze Delta görnüşi, çäklendirmeleriň ortadan aýrylmagyna päsgel berýär we dünýäni ýaňadandan ýapmaga iterýär.

Le Monde: Euro 2021: Gowy oýun görkezen Fransiýanyň milli futbol ýygyndysy, çempionatyň soňky 16-lyk tapgyrynda Şweýsariýanyň ýygyndysyndan ýeňildi.

Le Figaro: Onlaýn ýagdaýda işgär işletdirmek kärhanalary maýyl edýär.

France 24: Kovid-19. Delta görnüşi: Serhetleriň dolanşygy meselesi ýewropalylary 2-ä böldi.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada täze ýokanlarda koronawirusyň Delta görnüşiniň paýy 35 göterim.

Deutsche Welle: Germaniýanyň hökümedi geçen hepdäniň anna güni harbylarynyň nyşana alynyp guralan kamikaze hüjümine garamazdan, Mali missiýasyny dowam etdirmekde tutanýerli.

Zeit.online: NATO we Ukraina Russiýa garamazdan Gara deňizde ägirt uly harby türgenleşik başlatdy.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada awtonom dolanşyklar Delta görnüşiniň howpy we soňky wagtlarda artan wakalar sebäpli ýaşlarada sanjym edilmegini çaltlandyrdy.

El Mundo (Ispaniýa): Geçirilen 2 aýry derňewe görä, tapawutly 2 aýry doza sanjym etdirmek we sanjymlaryň spektrlarynyň giňligi Kowid-19-a garşy has täsirli.

El Nasional (Wenesuela): Çilide Delta görnüşi bilen bagly howsala: Ýurtda koronawirusyň Delta görnüşine ýoluganlaryň sany 2 adama ýetdi.

RBK: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin: "Iň täze howa goranyş ulgamlary S-500 Prometheus, materikara ballistik raketalar bolan Sarmat we gipersesli raketa Zirkon ýakyn wagtda Russiýanyň goşunyna gowşurylar" diýip habar berdi.

Kommersant: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Waşingtonyň umumy meselelerde Moskwa bilen hyzmatdaşlygyň edilmegine ynanýar, mysal üçin ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüniň alynmagy we klimat çalşygy ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edilip biliner.

Interfaks: Russiýa degişli gämiler we howa güýçler Ortaýer deňizinde harby manýowrlar ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar