Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kudus Al-Arabi: Eýranyň täze Prezidentine ABŞ-dan ýüzlenme: "Diplomatiýa mümkinçiligini gowy netijelendiriň" diýip belledi.

Al-Raýa (Katar): Fransiýa tarapyndan geçirilen Liwiýa temaly maslahatda 370 million dollar pul serişdesi ýygnaldy.

Al Jazeera: Owganystanda Taliban obalyk ýerleriden soň indi bolsa şäherlere hüjüm etmäge başlady. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi maslahat geçirer, halkara arena bolsa ylalaşyk üçin tagalla eder.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýadaky 5 awtonom zolak, garrylar öýünde galýan adamlara sanjym edilmeginiň we hepdede 2 gezek test etdirmegiň mejbur ýagdaýa getirilmegini isleýär.

El Mundo (Ispaniýa): Barselona futbol topary: "Messi mundan beýläk Barselonda oýnamaz" diýip habar berdi.

TeleSur (Wenesuela): Gwatemalanyň Döwlet baştutany Alehandro Džammatteiniň wezipesinden çekilmegi üçin geçirilýän giň-gerimli protestler dowam edýär.

Deutsche Welle: Germaniýadaky her 10 adamyň 9-y kiber hüjüme sezewar galdy.

zdf.de: Germaniýanyň futbolynyň ýatdan çykmajak ýyldyzlarynyň biri bolan Mihael Ballakyň 18 ýaşyndaky ogly Emilio, Portugaliýada bolan motosikl heläkçiliginde ýogaldy.

Welt.de: Ysraýylyň Harby-howa güýçleri Liwandaky ýerlere howa hüjümini gurady.

TASS: Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Donbass sebitinde ýaşaýan adamlara rus pasportlarynyň berilmegi sebäpli Russiýany halkara hukugyň düzgünini bozmak bilen günäkärledi.

Izwestiýa: ABŞ raýatlaryň Russiýa syýahat etmezlikleri baradaky duýduryşy dowam edýär. Amerikalylardan esasan hem Demirgazyk Kawkaza we Kryma gitmekden saklanmaklary barada maslahat berilýär.

RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Russiýada geçiriljek saýlawlara synçy ugratmazlyk barada karar kabul etmegine gynanandygyny beýan etdi.

Le Figaro: ABŞ-da Guantanomo tussaghanasynyň ýapylmagy üçin Demokratlar Jo Baýdene basyş edýär.

France 24: Gresiýa: "Ýangyn söndürijiler Afinanyň bosagasyna gelen ýangyny söndürmek üçin göreş alyp barýar" diýip belledi.

Le Soir (Belgiýa): Barselonda ýene-de bir eýýam ýapylýar: Lionel Messi topardan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar