Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron saglyk krizisiniň demokratik ýagdaýda dolandyrylýandygyny beýan etdi.

Le Soir: Bannu atly asteroid dünýä üçin howpmy? NASA hasaplamalaryny gözden geçirdi: "Bannu Gün sistemamyzda bar bolan iň howply 2 asteroidiň biridir" diýip belledi.

Le Monde: Alžiriň demirgazygynda dowam edýän ýangynlarda 69 adam ýogaldy.

Al-Dustur (Iordaniýa): Ysraýyl 2021-nji ýylyň başyndan bäri Gündogar Iýerusalimde 81-den gowrak öýi ýumurdy.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Ysraýyl we Marokko, Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde hyzmatdaşlyk we syýasy geňeşmeler ylalaşygyna gol çekişdiler.

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Kataryň Emiri Şeýh Temim bin hamed Al Sani, täze ilçileriň bellenmegi bilen bagly karara gol çekdi.

Bild.de: Berlinde içalylyk dartgynlygy: Beýik Britaniýanyň Berlindäki ilçihanasynyň işgäri Russiýanyň peýdasyna içalylyk etmek bilen aýyplanyp, göz tussaglygyna alyndy.

Handelsblatt.de: Dünýäniň iň uly porty Ningbo ýapyldy. Şanhaý şäheriniň golaýyndaky port, koronawirusa ýolugan bir adam sebäpli ýapyldy.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýa özi tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň synagdan geçirilmegine rugsat berdi.

Infobae (Argentina): Owganystan: Taliban 9 welaýatyň merkeziniň gözegçiligini ele geçireninden soň, 1 aýyň içinde ýurdyň paýtagty Kabuly gabap biler we 90 günüň içindäki häkimiýetiň başyna geçip biler.

Telesur (Wenesuela): Gaitide umumy saýlawlar 7-nji noýabra yza süýşürildi.

TASS: Düzüminde 13 syýahatçy we 3 ekipaž bolan Mi-8 kysymly dikuçar Kamçatkada adatdan daşary ýagdaýda gondy.

Kommersant: Çehiýa Respublikasy Russiýanyň goranyş önümleriniň iň uly importçysy boldy.

Izwestiýa: Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýewgeniý Ziniçew, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň buýrugyna laýyklykda Ýakutiýada dowam edýän tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän sebitine gitdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Russiýada Ýük Uçary Heläkçilige Uçrady
Russiýada Bütindünýä mamont merkezi döredilip bilner
Putin Ýakutiýada Dowam Edýän Ýangynlar Boýunça Görkezme Berdi
Russiýa Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
Ýakutiýada tokaýlar ýanýar